AÝYT GURBAN, GURBANLYK...

15 Iýul 2023
811

Gurban baýramynyň hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda ýörite iş günleri däl diýlip bellenilmegi halkymyzyň ruhy medeniýetine goýulýan ägirt uly sarpanyň ýene-de bir aýdyň ykrarnamasydyr. Ir säherler döwletimiziň ähli künjeklerindäki metjitlerden ýaňlanýan azan seslerine ören halkymyz gurban şor edinip, baýram namazlaryna agzybirlik bilen gatnaşýarlar. şeýdibem, ýagşy dileg dogalardan başlan baýram günleri aýdym-saza, baýramçylyk çärelerine ulaşyp gidýär.

Bu setirleri okan badyňa aýdymyň «Belent, belent bat aldyk!» diýen setirleri hem biygtyýar diliňe gelýär. Hawa, oýlanyp otursaň, çagalykdan aňymyzda ornan bu aýdym setirleri diňe bir baýramy wasp etmän, eýse tutuş döwrümiziň waspyny ýetirip ýaňlanýana meňzeýär. Çünki buýsançly başymyzy gök direden bu ajap eýýam — Gahryman Arkadagymyzyň bagyş eden Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň dowamy, Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda täze belentliklere sary bat alýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy zamanasy, gadymy hem müdimi halkymyzyň dünýe içre dabaralanýan zamanasydyr. Bu gün türkmeniň şanly toýlarynyň çakylygy dünýä ýaýraýar, bu gün türkmen göwnüniň ýagtysy äleme çaýylýar, bu gün türkmen törüniň mähri Gün bolup şugla saçýar! Asyrlardan asyrlara sahabaty, pähim parasady, agzybirligi, dostanalygy ýürekleriniň töründe göterip, nesilden nesle geçiren ata babalarymyzyň miras goýan ruhy baýlyklary bu gün täzeden galkynýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda ähli pudaklar bilen bir hatarda, milli ýol ýörelgämize esaslanýan medeniýetimiziň has täzeçe, döwrebap görnüşde gülläp ösýändigi buýsanç bilen bellärlikli ýagdaýdyr. Diňe hakyky ruhy galkynyşy başdan geçirýän milletiň medeniýeti ösüşe we gülleýşe eýe bolýar. Şol jähetden, bu gün eziz Arkadag Serdarly ata Watanymyz ösüşiň täze belentliklerine sary gadamyny günbe günden batlandyrýar. Gurban baýramynyň hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda ýörite iş günleri däl diýlip bellenilmegi halkymyzyň ruhy medeniýetine goýulýan ägirt uly sarpanyň ýene-de bir aýdyň ykrarnamasydyr. Ir säherler döwletimiziň ähli künjeklerindäki metjitlerden ýaňlanýan azan seslerine ören halkymyz gurban şor edinip, baýram namazlaryna agzybirlik bilen gatnaşýarlar. Şeýdibem, ýagşy dileg dogalardan başlan baýram günleri aýdym saza, baýramçylyk çärelerine ulaşyp gidýär.

Gülşirin HANOWA
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň mugallymy.