Güllerinde gözellik bar

14 Iýul 2023
669

Türkmenabat şäherindäki «Goşa çynar» toý mekanynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen bilelikde yglan eden «Gülüň owadan» atly bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. Öz gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan türkmen keçesiniň waspyny ýetirmek, milli sungatymyzyň bu görnüşiniň özboluşly aýratynlyklaryny we onuň inçe syrlaryny ýaş nesliň arasynda giňden wagyz etmek, ýaşlary zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek maksady bilen guralan bu bäsleşige etrap-şäher tapgyrlarynda ýeňiji bolan gelin-gyzlaryň 20-den gowragy gatnaşdy.

Bäsleşigiň birinji şertinde oňa gatnaşanlar keçe basmak üçin ýüňi saýlap almak we saýmak, ony daramak, boýamak, pişge ýasamak, keçäniň gamyşyny dokamak ýaly işleri ýerine ýetirdiler. Welaýatymyzyň milli aýratynlyklaryny äşgär edýän keçe gülleriniň taryhyny gürrüň bermek, gadymy nusgalar boýunça keçe güllemek ikinji şert hökmünde kesgitlenildi. Keçe bilen baglanyşykly yrymlary, nagyşlaryňdyr gülleriň taryhyndan gürrüň berýän gadymy rowaýatlary, gazallardyr aýdyşyklary ýerine ýetirmek bäsleşigiň jemleýji şerti boldy. Bu ugur boýunça gelin-gyzlar goýnuň ýazlyk we güýzlük ýüňlerinden keçe basmagyň aýratynlyklaryny, tebigy boýaglaryň peýdalanylyşyny iş ýüzünde görkezdiler.

Merjen KADYROWA,
ýörite habarçymyz.