BOÝNA ZYNAT, GÖWNE GANAT

12 Iýul 2023
685

Zergärçilik sungaty öz taryhy gözbaşyny has irki döwürlerden alyp gaýdýar. Muňa Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň «Türkmenistanyň gadymy dünýä taryhy» zalynda daş asyrynda adamlaryň deňiz balykgulaklaryndan monjuk ýasap oturan pursatlarynyň şekillendirilmegi has aýdyň göz ýetirmäge mümkinçilik berýär. Ýeri gelende bellesek, Altyndepede, Änewde, Namazgadepede arheologik gazuwagtaryş işleri geçirilende daşdan ýasalan monjuklar ýüze çykaryldy. Marguş şalygynyň paýtagty Goňurdepeden tapylan gymmatlyklaryň arasynda hem gymmat we ýarym gymmatbaha daşlardan düzülen monjuklaryň dürli görnüşleri bar. Arheolog alymlaryň tassyklamagyna görä, geçmişde bezeg şaý-sepleri erkek kişiler hem dakynypdyrlar. Gelin-gyzlar üçin gymmatbahaly daşlardan monjuk, asyk, ýüzük ýaly şaý-sepleri ýasamak Nusaýda has ýörgünli bolupdyr. Zergärçiligiň ösmegine ülkeleriň arasynda gadymy kerwen ýollary arkaly söwdanyň ýola goýulmagy oňyn täsir edýär. Bu hadysa zergärleriň ulanýan gymmat bahaly daşlarynyň, metallarynyň görnüşleriniň köpdürlüligine, bir ýurtdan beýleki bir ýurda aşmagyna şert döredýär. Keremli türkmen topragy hem gadymy döwürlerden bäri dag magdanlarynyň, gymmat bahaly daşlaryň baý goruna eýe ülke hasaplanýar. Dagdan hakyk, göwher, pöwrize, zümerret, lagyl, deňiz düýbünden dür, merjen, ýakut, sadap daşlaryny almaklyk aýratyn kesp hökmünde ýüze çykypdyr. Türkmen zergärleri olary diňe bir şaýseplere gaş hökmünde peýdalanman, irilerinden monjuk, maýdalaryndan hünji ýasapdyrlar. Hünji düzmek gadymy senetleriň biridir. Orta asyrlarda Beýik Ýüpek ýoly arkaly ýurtlaryň, halklaryň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň has-da ösmegi bilen, owunjak monjuklardan, hünjülerden düzülen bezeg şaýlarynyň ulanylyş geografiýasynyň giňemegine öz täsirini ýetirýär. Bu şaýsepler Hindistanda «mala» we «har», Efiopiýada «çale», Moldowada «gardany», Belarusiýada «gorlýaçki», Özbegistanda «zebigardon», Russiýada «gaýtany» diýlip atlandyrylýar. Şeýle monjuklara biziň ýurdumyzda «damaksa» ýa-da «damakmonjuk», «damaksow», «gargylyk», şelpeli görnüşlerine «gülbent», «hanamat» boýun bezegi diýlip atlandyrylypdyr. Şeýle görnüşli şaý-sepler, esasan, ýurdumyzyň gündogar we günorta-gündogar sebitlerinde has ýörgünli bolupdyr. Ýaşuly eneleriň gürrüň bermeklerine görä, damaksalary gyzlar 14 ýaşyndan dakynyp başlapdyr. Ýaş gyzlar 6 — 8 hatar düzülen monjuklary, 24 — 36 ýaşly zenanlar 12 — 16 hatarly monjuklary dakynypdyrlar. Damaksanyň boýnuň ýygyrt atmazlygynda, sallanmazlygynda peýdasy degipdir. Uzyn boýunly zenanlar hem şelpeli damaksalary dakynanlaryny kem görmändirler. Zenanlar altyn-kümüşden ýasalan şaý-seplere höwes etseler-de, olaryň arasynda hünjüli, monjukly şaýsepleri dakynmak hem ýoň bolupdyr. Şeýle görnüşli monjuklary gelin-gyzlar öz elleri bilen düzüpdirler. Sap merjenlerden düzülen monjuklar gelin-gyzlaryň gözel görküne görk goşmak bilen birlikde, olaryň ruhy halatlaryna, saglygyna hem täsirini ýetiripdir. Zenan asyllylygyny, mertebeliligini, paýhaslylygyny aňladýan daşlar olary göz-dilden goraýar diýen yrym hem bolupdyr. Gözdilden goranmak adamzadyň gadymy ynam-ygtykady bilen baglanyşykly dörän yrymlaryň biridir. Hünjüden taýýarlanylýan bezegler päkligiň, haýalylygyň we wepadarlygyň alamaty hasaplanylýar. Öňki döwürler ýanýoldaşy uzak ýola ýörişe giden zenanlar wepadarlygyň nyşany hökmünde tä ol öýüne dolanýança gargylyk dakynypdyrlar. Şeýle hem, hünjüden düzülen bezeglerde zenanlaryň köp perzentlilik, köpelgiçlik bilen bagly yrymlary, isleg-arzuwlary hem şöhlelenýär. Geçmişde uzak ýere aw şikara, argyşa giden adamyň yzynda çagasy bolsa, oňa ýörite buşlukçydan «nyşan» ugradypdyrlar. Ýagny oglan bäbek dogulsa, düwünçege aşyk, gyz bäbek dogulsa, monjuk düwüp iberipdirler. Monjukdyr hünji barada il arasynda aýdylýan şeýleräk rowaýat hem bar. Bir zamanlar akylly hem owadan gyza bir zergär ýigit aşyk bolupdyr. Gyz kakasynyň jülgede goýun bakyp ýörkä tapan gök reňkli daşyny ýigide berip:

— Şulardan ýüzükdir gül ýakadan başga entek görülmedik şaý-sep ýasasaň, men saňa razylyk berýän — diýipdir. Ýigit oýlana-oýlana, ahyr daşlary ýonup, olaryň irisinden monjuk, maýdasyndan hünji taýýarlap, gyza gowşurypdyr. Bu düzüm-düzüm daşlar diňe şol gyzyň göwnüne ýaraman, şol jelegaýdaky ähli gelin gyzlaryň hem göwnünden turupdyr. Ir zamanlarda ýigit bilen gyzy nika ýaşyna ýetmänkä adaglamak däbinde hem ak monjuk dakylan alajany gelinligiň boýnuna dakar ekenler. Şondan soň gyzyň adaglydygyndan habarsyz kimdir biri sawçylyga barjak bolsa, oňa «Sen näme bileňokmy, pylanyň gyzynyň boýnunda alabagly ak monjuk bar, ol adagly» diýer ekenler. Şonuň üçin bolsa gerek, il arasynda «Sawçy monjukda, awçy ýanjykda, zergär gönjükde belli bolar» diýen gürrüň hem bar.

Akbike JUMAÝEWA
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň esasy hünärmeni