Haly önümçiliginde saryja goýnuň ýüňüniň orny

11 Iýul 2023
681

Türkmen halylarynyň berk we reňkiniň özboluşly bolmagy köp babatda olary dokamak üçin ulanylýan ýüňüň hiline we häsiýetine baglydyr. Saryja goýunlaryń ýaz ýüňi bolsa özboluşly owadanlygy, nepisligi, berkligi bilen bütin Ýer ýüzünde meşhurlyk gazanan türkmen halylaryny dokamak üçin gymmatly çig mal bolup hyzmat edýär.

Saryja goýunlarynyň ýüňi birsyhly däl, ýarym irimçik, ýumşak, ýeterlikli çeýe, ýalpyldawuk ak reňkli, sütük süýümi uzyn bolup, haly dokamak üçin iň ýaramly ýüň hasap edilýär. Ýüňüň ak reňkde bolmagy ony dürli reňklere boýamaga mümkinçilik berýär.

Ýusup WELIÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.