Bir toý tutuň, älem galsyn haýrana!

8 Iýul 2023
683

Türkmen halky gadymdan gelýän däp-dessurlaryna uly sarpa goýýar. Her döwrüň ýaşaýyş-durmuş şertlerine görä, käbir üýtgeşmeler bolup geçse-de, ata-babadan dowam edip gelýän, pederleriň ruhy siňen milli ýörelgeler şu günlere gelip ýetipdir. Bu ýagdaýy durmuş toýlary bilen bagly däp-dessurlaryň mysalynda-da synlamak bolýar. Ylaýta-da, gelin edinip toý tutanda serden geçmesi, joşgunly köňlüniň emri bilen dünýe baýlygyny orta seçmesi türkmeniň owal-ahyrda ruhuna siňen milli häsiýeti bolup gelipdir.

Türkmençilikde ýaşlaryň durmuş toýy — ogul öýermek, gyz göçürmek toýlaryň iň ulusy hasaplanýar. Çünki Magtymguly Pyragynyň:

Ejegyz ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň esasy ylmy işgäri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty.