Men bir kitap okadym...

7 Iýul 2023
526

Men bir kitap okadym. Döredijilik işgäri bolandygym üçin ol meni kän oýlandyrdy. Elbetde, edebiýatymyzyň meseleleri hakynda. Edebiýata edebiýaty öwrenijileriň, nazaryýetçileriň täze garaýyşlarynyň, usulyýetçileriň täze tejribelerine zerurlyk bardygy barada oýlandym. Halk döredijiligimizden nähili peýdalanmalydygynyň pikirini etdim. Dessanlarymyzy, nusgawy şahyrlarymyzy täzeçe özleşdirmelidigimize düşündim.

Men bir kitap okadym. Şunuň ýaly ýanyňda göterip, islän wagtyň okaýar ýaly kitaplaryň zerurdygyny nygtasym geldi.

Seýitmämmet HYDYROW,
Esenguly etrabyndaky 10-njy orta mekdebiň mugallymy.