Manyly ömrüň dowamaty

4 Iýul 2023
626

Gahryman Arkadagymyz Gurban baýramynyň birinji gününde geçirilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň üçünji mejlisinde sözlän sözünde «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly täze kitabyny ýazyp tamamlandygyny aýdyp: «Men geçilen ýollar, duşuşyklar, ynsan ykballary hakynda kän oýlanýaryn. Täze kitabymda hem, ine, şolar barada pikir ýöretdim. Iş saparlarymdaky wakalary, dünýäniň abraýly syýasy işgärleri bilen bolan duşuşyklarymy ýakymly ýatlamalar bilen täze kitabymda hem beýan etdim. Durmuş ýoly uzak. Oý-pikirler entegem kän. Şonuň üçin bu kitabyň — «Ömrümiň manysynyň dowamatynyň» hem dowamy bolar diýip ynandyrýaryn» diýip belledi. Gurban baýramynyň birinji gününde, Arkadag şäheriniň açylyş dabarasynyň öňüsyrasynda elimize gowşan täze kitap toý-baýramly günlerimiziň şatlygyny goşalandyryp, köňüllere ruhy joşgun paýlady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri öz ömrüniň manysyny ýurt parahatçylygynda, il-günüň bagtyýarlygynda, agzybirliginde görýär. «Ömrümiň manysy — il-halkym», «Hakydada orun alan pursatlar», «Ýagşy adam ýatdan çykmaz», «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek ugrunda», «Terbiýe — bagtyýarlygyň çeşmesi», «Mertebeli ýaşaýşyň manysy», «Öwreneniň özüňki», «Geçmişiňe buýsanmak — geljegiňi gurmak», «Ömrüňiz uzak bolsun!» ýaly bölümlerden ybarat bolan täze kitapda manyly ömrüni ata Watanymyza, mähriban halkymyza gulluk etmäge bagyşlan Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk durmuş ýolunyň beýanaty bar. Onda durmuşy özgertmegiň, eziz Diýarymyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny has-da gowulandyrmagyň geljekki ugurlary baradaky pikir-garaýyşlar öz beýanyny tapýar.

Ogulgözel ÖWLÝAGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Milli «Ak bugdaý» muzeýiniň ýolbaşçysy.