Şatlygymyz goşalandy

4 Iýul 2023
462

Toýlary toýlara ulaşýan güneşli Diýarymyzda her bir günümiz ýatdan çykmajak wakalara, şatlykly pursatlara sapýar. Mukaddes Gurban baýramynyň toý dabaralarynyň şatlyk-şowhunynyň alyslara ýaň salýan günlerinde Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly täze kitabynyň, şeýle-de «Arkadag şäheri — geljegiň şäheri» atly täze kitabyň çapdan çykandygy hakdaky şatlykly habarlar hem ýatda galyjy ajaýyp wakalara öwrülip, ildeşlerimize gymmatly toý sowgady boldy.

Gahryman Arkadagymyz kitaba çäksiz sarpa goýýar, oňa uly gymmatlyk hökmünde garaýar. «Kitap ynsanyň köňül nagşydyr, ol durmuşy açyp görkezýän ajaýyp aýnadyr. Özünde ähli durmuş gymmatlyklaryny jemleýän kitap halkyň ruhy baýlygy, aň hazynasydyr» diýip belleýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň toý-baýramlara gabatlanyp, ulus-ilimizi täze kitaplary bilen begendirip durmagy hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Ine, nurana Gurban baýramynyň toýlanýan günlerinde, ýurdumyzda deňi-taýy bolmadyk «akylly» şäheriň dabaraly açylýan çagynda-da bagtyýar ildeşlerimize täze ajaýyp kitaplary maňlaýyna sylmak bagty miýesser etdi.

Şamuhammet ANNANYÝAZOW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň tehniki gözegçisi.