Magtymguly — halkyň öçmez çyragy

29 Iýun 2023
456

Döredijiligi Jemşidiň jamyna deňelýän beýik akyldar şahyrymyzyň goşgulary ähli döwür üçin aýdyň ýörelgedir. Onuň döredijiligindäki pelsepä ýugrulan goşgulary ähli döwürlerde-de adamzada ruhy goldaw beripdir.

Gahryman Arkadagymyzyň dana pähim-paýhasyna ýugrulan «Döwlet guşy» romanynyň hem bir bölümçesi şahyryň «Ýeldim tut» goşgusynyň ady bilen berilýär. Romanda urşuň gazaply ýyllarynda türkmen halkynyň kynçylyklara döz gelip, her bir kynçylygy agzybirlik, zähmetsöýerlik bilen ýeňişleri barada örän täsirli gürrüň berilýär. Umuman, Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden dörän «Döwlet guşy» romanyny okap, Magtymguly Pyragynyň sarpasynyň dana pederlerinden kök alýandygyna anyk göz ýetirmek bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet guşy» romanynda Magtymgulynyň sarpasy barada aýdara, öwrenere zat örän kän.

Çemen MÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň mugallymy, polisiýanyň maýory.