Türkmen halky gadymy halklaryň biri bolup, onuň umumy adamzat gymmatlyklaryny özünden jemleýän iňňän baý edebi mirasy bar. Ol medeniýeti, sungaty, edebiýaty we beýlekileri öz içine alýar. Ata-babalarymyz şol taryhy gymmatlyklary nesilden-nesle geçirip, milli mirasymyzy has-da baýlaşdyrypdyrlar.
Gadymyýetden bäri deňziň kenarlarynda, derýanyň boýlarynda ýaşan türkmenler dürli görnüşli suw ulaglaryny ulanypdyrlar. hersiniň özboluşly aýratynlyklary bolup, olar esasan agaçdan ýasalypdyr.