Türkmen halysy milliligiň gözbaşy

29 Maý 2023
795

Türkmen halysy — munda halkyň özboluşly ruhy medeniýeti, baý içki dünýäsi, göwün islegi, halyçy gelin-gyzlarymyzyň taýsyz çeperçilik ukyby öz beýanyny tapypdyr. On barmagyndan dür dökülýän gelin-gyzlarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdiren halyçylyk sungatynyň inçeligi, nepisligi ony döredijileriň ýokary ussatlygynyň, köpasyrlyk tejribesiniň netijesi hökmünde öňe çykýar.

Gözbaşyny Oguz han atamyzdan alyp gaýdýan türkmen halylary özboluşly dokalyş usullary, gölleri, nagyşlary bilen beýleki halklaryň halylaryndan düýpli tapawutlanýar. Özüniň gözelligi, nepisligi bilen göreni haýran edýän halylarymyz barada XIII asyrda ýaşap geçen italýan syýahatçysy Marko Polo özüniň işinde: «Türkmenler dünýäde iň oňat, owadan halylary dokaýarlar, ýüpek keteni matalar dokaýarlar, owadan bedew atlary ýetişdirýärler» diýip ýazýar. Şeýle gözellikler ýyllaryň zarbyna hem döz gelip bilipdir. Üstünden ençeme asyr geçendigine garamazdan, haly böleklerini synlanyňda, ol entegem ýalpyldap, nur saçyp durandyr. Tebigy boýaglar ulanylyp dokalan halylarymyz müňýyllyklaryň dowamynda öz durkuny saklap galypdyr.

Bekgi ARSLANOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.