Zähmet soňy — rehnet

26 Maý 2023
578

Türkmeniň milli gymmatlyklarynyň naýbaşysyna öwrülen halyçylyk sungaty örän gadymy sungat bolup, öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Gelin-gyzlarymyzyň yhlasy, zehini siňen türkmen halylary owadanlygy, syk dokalyşy, berkligi bilen tapawutlanýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň tagallasy bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen haly sungaty şöhratly ösüşlere eýe boldy.

Gahryman Arkadagymyzyň çeper elli halyçylara sowgat beren «Arşyň nepisligi», «Janly rowaýat» atly kitaplary halyçylarymyz tarapyndan uly söýgi, buýsanç bilen okalýar.

Zylyha BEGLIÝEWA,
Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy, Türkmenistanyň at gazanan halyçysy, TDP-niň işjeň agzasy.