Magtymgulynyň döredijiliginde filosofiki garaýyşlar

26 Maý 2023
622

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Ýiti akyly bolan, pähimli oýlanmagy başarýan nesiller döwrüň zerurlygyna aýdyň düşünip bilýärler. Akylly ogul-gyzlar Watan gymmatlygynyň manysyna aýdyň düşünýän pähimdarlaryň nesilleridir» diýip belleýär. Şoňa görä-de, biziň akyldar şahyryň filosofiki garaýyşlaryna aň ýetirmäge çemeleşmegimiz derwaýys meseledir.

Magtymguly Pyragynyň döredijiligindäki filosofiki garaýyşlaryň çeper beýan edilişi hakynda gürrüň etmeli bolanda, ilki bilen, filosofiýa ylmynyň hem-de «filosof» sözüniň manysy barada gysgaça pikir öwürmegimiz gerek. Filosofiýa ylmy ýönekeý, adaty aňdan düýpgöter tapawutlanýar. Bu ylym teoretiki pikirlenmegiň, adamyň pähim-paýhasynyň netijelerine, durmuşa akyl ýetirip biliş ukybynyň ussatlygyna daýanýar. «Filosofiýa» sözi «Parasatlylyga, pähim-paýhasa söýgi» diýmegi aňladýar. Taryhy maglumatlara görä, «filosofiýa» sözünden emele gelen «filosof» sözüni ilkinji gezek biziň eýýamymyzdan öňki VI asyrda ýaşan grek matematigi we akyldary Pifagor ulanypdyr. Ol pähim-parasatlylyga we sagdyn ýaşamaga çalyşýan adamlara «filosof» diýipdir.

Çarygeldi GURBANOW,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň magistri.