Pyragynyň muzeýinde

26 Maý 2023
832

Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynda ýerleşýän Magtymguly muzeýi. Şahyryň hormatyna açylan muzeýiň gymmatly eksponatlary bu ýere gelýän myhmanlarda uly täsir galdyrýar. Magtymguly muzeýinde halk arasynda saklanyp galan, dürli ýyllarda göçürilen golýazmalar, eserler ýerleşdirilipdir.

Şahyr döredijiliginde gelin-gyzlara, olaryň görküne görk goşýan şaý-seplere aýratyn orun beripdir. Magtymguly Pyragy diňe bir goşgy ýazmak bilen çäklenmän, ussat zergär hem bolupdyr. Ol altyndyr kümüşden, bezeg daşlaryndan peýdalanyp, täsin sungat eserini döretmegi başarypdyr. Muzeýde gadymy şaý-sepleriň ençemesi saklanylýar. Şahyryň zergärçilik sungatyndan habar berýän, köňül berip söýen gyzy Meňlä niýetläp ýasan ýüzügi gymmaty egsilmejek mirasdyr. Bu ýüzük sap kümüşden ýasalyp, ýüzüne arap elipbiýiniň gadymy «küfi» bezeg hatynda «Meňli» diýlip ýazylypdyr. Beýik şahyryň Meňli gyza bagyşlap ýasan ýüzügi nesiller üçin nusgawy eserdir. Nusgawy eserler bakydyr. Ýüzük muzeýiň hünärmenleri tarapyndan aýawly goralyp saklanyp, ylmy taýdan öwrenilýär. Ylmy taýdan subut edilen bu ýüzük 1983-nji ýylda Magtymguly muzeýine Gurbangeldi aga tarapyndan uly hormat bilen sowgat berlipdir. Bar bolan maglumatlara görä, ýüzük kitabyň sahypalarynyň arasynda saklanyp galypdyr. Ol ýüzük biziň günlerimize gelip ýeten gymmatly mirasdyr. Bu gymmatlyk şahyryň Meňli gyza bolan päk söýgüsiniň beýik mukaddeslige öwrülen aýdyň subutnamasydyr.

Aýna GELDIMYRADOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.