Halkymyz mertebesine meşhurlyk çaýan perzentleriniň sarpasyny belent tutýar. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasynyň çuňňur öwrenilmegi, dünýä dillerine terjime edilmegi babatda giň gerimli işler alnyp barylýar. 2014-nji ýylda Garaşsyz Watanymyzda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygy uly dabaralar bilen bellenilip geçilipdi. Türkmenistanda we daşary döwletlerde şahyryň ömür we döredijilik ýoluna bagyşlanan çäreler, halkara derejeli ylmy-amaly maslahatlar, döredijilik bäsleşikleri guraldy, ylmy gözlegler amala aşyryldy.
Ynha, nesip bolsa, 2024-nji ýylda hem bize akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çäreleriň ençemesi garaşýar. 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy giň gerimli tutumlar bilen belleniler. Şunuň bilen baglylykda, 2021-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek bilen baglanyşykly karara gol çekildi hem-de bu senäni bellemek boýunça guramaçylyk topary döredilip, onuň düzümi degişli karar bilen tassyklanyldy. 2022-nji ýylyň 23-nji dekabrynda bolsa sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny tassyklady.