Haly — halat, bedew — bagt

23 Maý 2023
659

Näme üçin Ýer ýüzüniň islendik künjünde türkmen diýlende, ýerli ynsanlaryň göz öňünde ilki bilen, nepis halylarymyzdyr gamyşgulak bedewlerimiz janlanýarka?! Bu sowala her bir ynsanyň öz garaýşy boýunça jogap berjegi magat. Şol jogaplaryň ählisiniň mazmuny-da halkymyzyň milli gymmatlyklarymyzy sungat derejesine ýetirmegi başarandygy bilen baglydyr. Hawa, halysyny hakydasyna, bedewini uçar ganatyna öwren halkymyz, milli gymmatlyklaryny nesilden-nesle peder mirasy hökmünde geçirip gelýär. Göreni bendi edýän bu milli gymmatlyklarymyz türkmen adynyň dünýä aňyndaky keşp janlanmalarynyň biri hökmünde öňe çykýar. Elbetde, halk döräli bäri onuň ýaşaýyş-durmuşyndan, ruhy ahwalyndan üzňe bolmadyk islendik närse şol ýere mahsus aýratynlygy bilen atlandyrylýar. Bu sözümize äleme çawy ýeten oguz halylary hem-de türkmeniň ahalteke atlary diýen jümleler doly subutnamadyr.

Gözelligiň, ýyndamlygyň, wepadarlygyň iň naýbaşy nusgasyna öwrülen gamyşgulak bedewini behişdi saýýan halkymyz heňňamlar içre olary tarypa mynasyp dürli esbaplar bilen bezäp gelýärler. Şol esbaplaryň aglabasy-da, ezber elli türkmen zenanlarymyzyň taýýarlaýan keçe, palas, haly önümleridir. Daşyndan synlasaň, diňe bir bezeg beriji at esbaplary ýaly görünýän bu önümler we olara salynýan tagma şekilleri, nagyşlar, gölçeler hem-de göller halkyň döwürlerdäki ruhy ahwalynyň beýannamasydyr.

Meýlis GARAJAÝEW,
žurnalist.