Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda halkyň köp asyrlyk milli gymmatlyklary ylmy taýdan öwrenilip dünýä jemgyýetçiligine ýetirilýär. Asyrlarboýy toplanyp gelen milli gymmatlyklarymyz dünýä halklarynyň söýgüsine mynasyp bolýar. Deňsiz-taýsyz taryhy-medeni gymmatlyklarymyz ÝUNESKO-nyň sanawyna goşuldy. Bu gün bolsa şol gymmatlyklarymyzyň üsti ýetirilýär.
«Türkmen keşdeçilik sungaty», «Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri» hem-de «Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi» ýaly maddy däl medeni mirasymyzyň görnüşleri ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň abraýly sanawyna goşuldy. Bu şatlykly habar tutuş halkymyzda buýsanç duýgusyny oýardy. Bu gymmatlyklaryň degişli güwänamalary bolsa hormatly Prezidentimize gowşuryldy.