Geçmişe sarpa — geljege hormat

12 Maý 2023
516

Pederlerimiziň paýhasy siňen, milli öwüşginlere baý medeni mirasymyz umumadamzat gymmatlyklarynyň aýrylmaz bölegine öwrülip, dörediji halkymyza şöhrat getirýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe kökleri asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän milli mirasymyzy öwrenmekde, gorap saklamakda we ony geljekki nesillere ýetirmekde, wagyz etmekde uly işler durmuşa geçirilýär. Biz hem şundan ugur alyp, Türkmenabat şäherindäki 18-nji orta mekdepde «Geçmişe sarpa — geljege hormat» atly baýramçylyk dabarasyny we göçme sergini guradyk.

Baýramçylyk dabarasynda ýokary synp okuwçylary tarapyndan türkmen nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň watansöýüjilik, ynsanperwerlik, ulyny sylamak, kiçä sarpa goýmak hakyndaky goşgulary labyzly okaldy we aýdymlar aýdyldy. Çäräniň dowamynda welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýimiziň gaznasynda saklanylýan milli gymmatlyklarymyzdan göçme sergi guraldy. Sergide haly we haly önümleri, mis gap-gaçlar, agaç önümleri, arhiw resminamalary, suratlar ýerleşdirildi. Sergide görkezilen esbaplar diňe bir owadanlygy bilen däl, eýsem, taryhy gymmatlygy bilen mekdep okuwçylarynda we mugallymlarda uly gyzyklanma döretdi. Guralan sergi ýaş nesli milli mirasymyza hormat goýmak, ony aýawly saklamak ruhunda terbiýelemekde uly ähmiýete eýe boldy.

Ogulgerek AGAJANOWA,
welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri.