Gözelleriň döreden gözelligi

11 Maý 2023
610

Milli lybaslarymyz halkymyzyň asyrlaryň dowamynda medeni taýdan ösüşiniň basgançaklarynyň özboluşly beýanydyr. Hut şonuň üçin-de ýurdumyza dünýäniň dürli künjeginden gelýän myhmanlar muzeýlerdäki halylarymyzy, zenanlarymyzyň el işlerini synlanlarynda, olaryň her birine beýik taryhyň sahypalary hökmünde mynasyp baha berýärler. Dürli nagyşlar, keşdeler bilen bezelen lybaslarymyzy bolsa halkymyzyň kalbyny görüp bolýan ajaýyp aýna hökmünde häsiýetlendirýärler. Olarda halkymyzyň dürli döwürdäki ýaşaýyş-durmuş ýagdaýy, medeni taýdan ösüş derejesi öz beýanyny tapýar. Munuň sebäbi, her bir nesliň öz düşünjesine, şertine, ahwalyna görä, milli gymmatlyklara, şol sanda lybaslara üýtgeşiklik, özgeriş girizýändigi bilen baglanyşyklydyr. Şeýlelikde, olaryň her birine öz döwrüniň ruhy keşbi siňipdir.

Sungat derejesine ýetirilen nagyş-keşdelere türkmen terbiýe mekdebinden kemal tapan asyllylyk, päkizelik mahsusdyr. Muny türkmen halylarynyň, kürte-çabytlarynyň goýazy, agras keşbi bilen hem tassyklap bolar. Bu türkmen durmuşynyň, türkmen dünýäsiniň sungata siňen keşbi. Munuň aňyrsynda uly bir terbiýe mekdebi bar. Ene-mamalarymyz gyz perzende ýaňy gulpagy örüme girenden eline iňňe berip, iş öwredip başlapdyr. Olara ýörmemek, depjemek, gaýamak, bassyrmak, syrmak, arpyşdaklamak, köjemek ýaly ilkinji ujypsyzja sanjymlardan başlap, alaja örmegi, aldymgaç kakmagy, jähek çalmagy, keşde çekmegi öwredipdirler. Gyzjagazyň ilkinji eden el işini bolsa «Işiň suw ýaly akgynly bolsun», «Eden keşdäň tekiz bolsun» diýip, akar suwa oklapdyrlar ýa-da «Ataş kimin lowurdap dursun» diýip, oda atypdyrlar.

Ogulmaýsa ALLABERDIÝEWA,
«Edebiýat we sungat».