Dowamatyň dowam ýoly

11 Maý 2023
412

Tebigatyň özi kämillik. Onda-da hiç bir närsesine düzediş girizmek mümkin däl derejede kämillik. Tebigatyň özi sungat. Şonuň üçin hem ynsan ogly ähli akyl-paýhasyny, ukyp-başarnygyny dünýä düşünmek islegine bagyş edipdir.

Janly tebigatyň nesilleriniň dowamat-dowam ýoly ene keramaty bilen üznüksizlige eýedir. Bu islendik jandarda şeýledir. Biziň her birimize ýaňy dünýä inen taýçanajygyň, owlajygyň, guzujygyň, jüýjejigiň haýsydyr birine syn edip görmek bagty miýesser edendir. Olar owadanja, näzijek, eýjejik. Olar bilip ýa bilmezden ejeleri bilen dilsiz-agyzsyz ysnyşyp gidiberýärler. Ene hormaty olaryň süňňünde bar. Çünki nesilleri tebigatyň syrly güýji bir-birleri bilen berk baglanyşdyrýar. Olar ene hamraklygyna, ene mähribanlygyna kökerilendir.

Döwran AMANMYRADOW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň aýratyn tabşyryklar boýunça uly gözegçisi, polisiýanyň maýory.