Pyragynyň «Kepderisi» we durmuş

11 Maý 2023
412

Biziň ýurdumyz — dünýewi döwlet. Şeýle-de şahyryň: «Sen ertire barýaň, kök urup düýne» diýşi ýaly, biziň taryhy gatlaryndaky   ruhy edebi mirasymyza aýagymyzy diräp, döwür bilen aýakdaş gidýändigimiz, häzirki zaman milli gymmatlyklarymyzy sergilerde we beýleki çärelerimizde dabaralandyrýandygymyz milli tejribä goýýan hormatymyzyň derejesini iş ýüzünde subut edýär.

Gahryman Arkadagymyz — Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysy» atly kitabynyň «Ahlak hem durmuş gözelligi» atly bölüminde bellenilişi ýaly, tämiz dini garaýyşlar ynsan gatnaşyklaryny tertipleşdirýär, adamlary agzybirlige, dost-doganlyga çagyrýar, her bir kişiniň başgalar bilen deňdigini, diňe bilim-düşünjesi, akyl-parasady, ahlak gözelligi, päkligi, adamkärçilik sypatlary, zähmeti bilen biriniň beýlekiden üstün bolup bilýändigini aýdýar. Hatda ylmyň we tehnologiýanyň örän ösen döwründe — biziň zamanamyzda hem päkize dini garaýyşlar öz ähmiýetini asla ýitirmeýär. Sebäbi, dini garaýyşlar bilim-düşünjä, ylma, paýhasa ters gelmeýär, aslynda, ol garaýyşlar bilim-düşünje, ylym, paýhas esaslaryna daýanýar, nesilleri oňat gylyk-häsiýetli edip terbiýelemäge kömek edýär.

Abdylhalyk JUMADOW,
«Türkmenistanyň senagaty» žurnalynyň redaktory.