Ýagşyny ýatlamak — parz

10 Maý 2023
461

Hakydada ýaşaýan halypa

Wagtyň ganaty bar ýaly, hiç bir zada dahylsyz, öz hasaby bilen şo-ol gidip otyr. Hawa, wagt öz emri bilen gidýär, şol bir wagtyň özünde ynsanam bu panydan bakyýa göç edýär. Bu — durmuşyň talaby. Ýöne, ýazyjynyň ýazan eserleri, il-günüň, Watanyň öňündäki bitiren hyzmatlary welin, ömürlik miras galýar, ady ýagşylykda ýatlanylýar.