Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

10 Maý 2023
534

Şahyryň döredijiliginde ahlak, edep-terbiýe meselesi

Taryhda öçmejek yz goýan nusgawy şahyrlarymyzyň döredijiligi Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda yzygiderli öwrenilýär. Olar hakda ylmy işler, makalalar, kitaplar ýazylyp, gymmatly pikirler halk köpçüligine ýetirilýär. Jemşidiň jamyna deňelýän köptaraply döredijiligi bilen at-owazasy äleme meşhur bolan beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň döredijiligi babatynda bolsa, dünýä halklarynyň arasynda hem-de ýurdumyzda uly işler alnyp barylýar. Şahyryň pedagogik garaýyşlary, edep-terbiýe hakdaky pikirleri ýaşlary terbiýelemekde nusgalyk mekdep bolup, çuň we köptaraply öwüt-ündewleri ýaş nesilleriň aňyna guýulýar.