Saçakdaky nan — aýdym hem mukam

10 Maý 2023
548

Goňşymyz ogluny öýerýärdi. Toýuň öň ýanynda aýal-gyzlar nan ýapmak, pişme, gatlama bişirmek bilen başagaýdylar. Supranyň ortarasynda tümmek bolup duran ak uny görenimde, meniň çagalyk döwrümdäki bir waka ýadyma düşdi.

Bir gezek garryja mamam ýanyna çagyryp, unaş bişirmek üçin maňa hamyr ýugurmagy tabşyrdy. Şol wagtlar men 7-8 ýaşlarymdadym. Biraz ýaýdanýandygymy duýan mamam, ilki bilen, arassaja jama duz atyp, ýylymsy suw guýdy-da, maňa goşawuçlap un salmagy tabşyrdy. Unuň içine mamam 5-6 sany bugdaý dänesini-de oklap goýberdi. Näçe janyksam-da hamyrymy hiç wagtynda garyp bilmän, gara der boldum. Ýöne muny mamama duýdurmajak bolýardym. Ol: «Hamyryň suwuny aldyran bolsaň, ýumruklap garyber, indi güýjüňi görkezmeli bolarsyň» diýdi. Hamyry ýugrup durşuma, mamama: «Boldumy?» diýip ýüzlensem, ol: «Hamyryň taýyn bolsa ýaňky bugdaýlar çykyp başlar» diýdi.

Gülzada AGANYÝAZOWA,
Saýat etrabynyň Yslam şäherçesindäki kitaphana şahamçasynyň kitaphanaçysy.