Akmuhammet işan medresesi

10 Maý 2023
504

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda şöhratly taryhymyzy ylmy esasda öwrenmeklige uly üns berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň öz çykyşlarynda belleýşi ýaly, her bir obanyň ýazuw taryhy bolmalydyr, adamlar öz meşhur obadaşlaryny, olaryň zähmet we durmuş edermenligini, eziz obasynyň ösmegine goşan goşandyny bilmelidir. Olaryň atlary obanyň hormat kitabynda ebedi ýazylmalydyr.

Taryhy-medeni ýadygärliklere baý bolan ýerleriň biri-de özüne birnäçe obany birleşdirýän Astanababa şäherçesidir. Onuň çäginde «Kerki» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň hasabynda duran ýadygärlikleriň 6-sy ýerleşýär. Şu ýadygärlikleriň arasynda Akmuhammet işan medresesi hem bar. Ony XIX-XX asyrlarda şu obada ýaşap geçen, ýaş nesli bilim-terbiýeli edip ýetişdirmäge ömrüni bagyşlan Akmuhammet işan gurdurýar.

Jeren JOMARTOWA,
«Kerki» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň hünärmeni.