Barça ýürek Watan bilen baglydyr

4 Maý 2023
518

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan 200 manat möçberde pul sowgadyny hem-de gymmat bahaly sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurmak baradaky Karary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watan üçin beýik işleri bitiren ynsanlaryň sarpasynyň hemişe belent derejede saklanýandygyny dabaralandyrdy.

Alym Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer», «Döwlet guşy» romanlary, «Watan goragy mukaddesdir», «Mertler Watany beýgeldýär», «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar» atly eserleri we «Durnalar» atly goşgusy Watan gahrymanlarynyň belent sarpasyna halkyň hakydasynda dikilen ajaýyp heýkellerdir.

Nazarmämmet BÄBIŞOW,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň harby gullukçysy, maýor.