Türkmen topragynyň gudraty bedew

4 Maý 2023
511

Türkmeniň adyny yklymlara meşhur eden milli gymmatlyklarymyzyň biri ahalteke bedewlerimizdir. Zyba keşbini keremli türkmen topragynyň gözelliginden alan behişdi bedewlerimiz halkymyzyň başynyň täjidir, milli buýsanjydyr. Ahalteke bedewleri ähli döwürlerde türkmeniň myrady, uçar ganaty bolupdyr. Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde ýokary guramaçylykda bellenilip geçilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy halkymyzyň taryhy dostunyň belent sarpasynyň nyşanydyr.

Bäş müňýyllyk taryhy ýolunda nepis halysy, owazy ýürekleri heýjana getirýän dutary, wepadar alabaýy bilen bir hatarda, ahalteke bedewleriniň şan-şöhraty halkymyzyň mertebesine mertebe goşupdyr. Türkmen bedewine goýulýan sarpa biziň dessanlardyr rowaýatlarymyzyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. «Görogly» eposyny okanyňda, türkmen ýigitleriniň behişdi bedewlerimiziň waspyny belentden-belent dabaralandyrmagynyň sebäplerine göz ýetirýäris.

Maksat ÇARYÝEW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň işgäri, polisiýanyň maýory.