Seçelener silkme telpek

2 Maý 2023
533

Türkmen halkynyň döreden ajaýyp, milli gymmatlyklary sanardan köp. Olar gadymy döwürlerde döräp, nesilden-nesle geçip, biziň şu günlerimize gelip ýetip, mukaddesliklere öwrülipdir. Şolaryň iň esasylarynyň biri bolsa, türkmeniň silkme telpegidir. Telpek hakynda söz açylanda, ilki bilen, onuň owadanlygyny, her bir geýen adama üýtgeşik gelşik berýändigini aýtmak gerek. Başy silkme telpekli türkmen gojalary diňe bir ata Watanymyzyň däl, eýsem, olar her bir şäher-obanyň, öý-ojagyň, toýuň, kalbyň bezegi. Türkmenlerde bir geňeş bolsa «Telpeklä» sala salnyp görülýär, onuň maslahaty alynýar. «Öýüň telpeklisi», «Bir telpekli bolsa daş çykawersin», «Telpekliden sorap göreris», ahyrynda-da, «Şol telpeklä aýdyp göreli» diýen söz düzümleriniň ählisi öýüň erkek kişisi bilen baglanyşykly aýdylana meňzeýär. Öýde «telpekliniň barlygy» maşgalabaşynyň entek näme diýjekdigine garaşylýandygynyň alamaty. Erkek kişi – maşgalanyň abraýyny, mertebesini, namysyny başyna göterýän adam. Şonuň üçin hem ol synmaz gaýratly we giň göwrümli bolmaly. Şeýlelikde, başa telpek geýmegiň özboluşly şertleri ýüze çykýar. Ol milli gylyk-häsiýetlerimizi has giňden teswirlemäge mümkinçilik berýär.

Ýaşulular başa gelşik berýän telpegi tikmegi-de, özleri ýerine ýetiripdirler. Telpek tikmek üçin seçelenip duran buýra tüýli deriler saýlanyp alynýar. Deriler tebigy reňkine laýyklykda, gara, goňur, ak, mele reňkde bolýarlar. Ýylyň haýsy paslydygyna garamazdan, telpekler hemişe geýlipdir.

Jeren ÖWEZOWA,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň Dünýä taryhy kafedrasynyň mugallymy.