«Gyrat, meni Çandybile sen ýetir»

2 Maý 2023
652

Türkmen halk sungatyna ser salanyňda, bedew waspy ýetirilen aýdym-sazlaryň köpüsi «Görogly» şadessanyndan alnan. Munuň düýp sebäbi «Görogly» şadessany türkmen durmuşynyň aýdyň beýany bolup durýar. Halypa bagşylar Nurberdi Gulowyň «Gyrat, meni Çandybile sen ýetir», Patyşaguly Girmanowyň «Neçüýn durman aýlanar sen», Döwletgeldi Ökdürowyň «Gyratym girse meýdana» diýen ýaly bedew hakyndaky aýdymlar bagşyçylyk ýolunyň ählisinde – ahal-damana, salyr-saryk, ýomut-gökleň, daşoguz ýollarynda ýerine ýetirilip gelýär. «Bedew», «Bedewler», «Şirleriň bardyr», «Ýigide», «Ýoluksa», «Pereňde Gyratyň owazy geldi», «Bedew atly, demir donly Görogly» ýaly aýdymlar bagşylaryň dilinden düşmän gelýär. «At çapar», «Atlyk», «Göroglynyň at oýnadyşy» ýaly sazlar bolsa, gönüden-göni behişdi bedewlerimiz bilen baglanyşyklydyr.

Bedew hakdaky aýdymlar, sazlar «Görogly» şadessanynyň wakalarynyň jümmüşinden gözbaş alýar. Munuň özi bu aýdym-sazlaryň has gadymy döwürlerde döräp, bagşylaryň, ozanlaryň tagallasy bilen (dessançylyk däbinde) dillerden dillere, asyrlardan asyrlara geçip gelendigine şaýatlyk edýär. Halk döredijiliginiň bedew hakyndaky aýdym-sazlary häzirki zaman mukamçy kompozitorlarymyzyň hem ylhamyny joşdurýar. Bedew waspy ýetirilen aýdymlaryň hersiniň öz häsiýet aýratynlygy ýüze çykarylypdyr. Ol aýdym-sazlar bir-birinden mazmun taýdan hem tapawutlanýar. Aýdymlaryň bir böleginde bedewleriň gözelligi, ýyndamlygy, rahatlygy wasp edilýän bolsa, käbirinde olaryň gahrymançylygy, gaýduwsyzlygy, eýesine wepadarlygy, paýhaslylygy, çydamlylygy taryp edilýär.

Gözel AÝNAZAROWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymy.