Dehistan — ösen medeniýetiň göwheri

15 Aprel 2022
2009

Türkmenistanyň orta asyr şäherleri binagärligiň, senetçiligiň, söwdanyň, dokmaçylygyň, medeniýetiň biçak ösendigine şaýatlyk edýär. Şolaryň biri-de Dehistandyr. Bu şäheriň şöhratly geçmişden habar berýän galyndylary Hazar deňziniň kenaryndan 60 kilometr uzaklykda ýerleşýär.

Dehistan öz döwründe diňe bir 200 gektar meýdany tutýan paýtagt şäher bolman, eýsem, galalar ulgamyny we ownukly-irili obalary özünde birleşdirýän, gür ilatly welaýat bolupdyr. Hazar deňziniň kenarynyň Köpetdagyň baýyrlaryna çenli uzalyp gidýän günorta-gündogar bölegi häzirki döwrüň geografik kartalarynda «Misserian düzlügi» diýlip atlandyrylýar. Ir döwürlerde bu ýerde «Girkaniýa» ady bilen meşhur bolan bag-bakjaly, giň oazis bolupdyr.

Mähriban ANNAGELDIÝEWA,
Balkan welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň kiçi ylmy işgäri.