Gölleri görke bezän

30 Maý 2021
1007

Enelerimiziň zehininden dörän haly we haly önümleri senetçilikden sungata ýeten gymmatlykdyr. Dokmaçylyk sungaty bilen bagly dokmaçylyk gurallarynyň taryhy kökleri müňýyllyklaryň jümmüşine uzaýar. Taryhy maglumatlara görä, Parhaýda we Summar jülgesinde arheolog alymlar tarapyndan gazuw-agtaryş işleri geçirilende, bürünçden ýasalan zähmet gurallarynyň arasynda dokmaçylykda ulanylan bürünç keser ýüze çykarylýar. Arheolog alymlaryň ylmy pikirlerine görä, bürünçden ýasalan gurallar b.e.öňki III – II müňýyllyga degişli bolup, ol gurallary şol ýerde ýaşan ilatyň haly dokmaçylygynda ulanypdyrlar. Haly dokmaçylygynda ulanylan gadymy gurallaryň taryhy ýadygärliklerden tapylmagy türkmen topragynda haly sungatynyň ösendigine güwä geçýär.

Perman HALMYRADOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.