Müňlerçe ýyllyk taryhy bolan halkymyzyň iň irki senedi halyçylyk bolupdyr. Munuň şeýledigine şaýatlyk edýän, gönezligini müňýyllyklardan alyp gaýdýan maglumatlar näçe diýseň bar.
Gadymy Türkmenistanyň çäklerinde mis-daş asyrynda, ýagny, biziň eýýamymyzdan öňki IV müňýyllykda peýdalanylan gap-gaçlaryň, küýzeleriň ýüzünde şu günki türkmeniň haly sungatynda seýrek bolmadyk ýagdaýda şekillendirilýän nagyşlar saklanyp galypdyr. Mysal üçin, häzirki günde «älem», «goçak», «şelpe» diýlip atlandyrylýan we beýleki köp dürli nagyşlar Türkmenistanda, ylaýta-da, onuň çarwa we ekerançylyk bilen meşgullanýan ilatynyň maddy medeniýetinde, sungatynda uly orun tapypdyr. Şonuň bilen bir hatarda ajaýyp küýze önümlerindäki milli türkmen nagyşlary: «çarhypelek», «sarygolak», «atanak», «şelpeli gölçe», «aýnaly goçak» we beýleki nagyşlar müňýyllyklaryň dowamynda gözelligini ýitirmän, şu günler hem biziň dünýä meşhur ajaýyp halylarymyzy bezeýärler.