Watanymyzyň beýik üstünlikleriniň binýady

22 Fewral 2021
1581

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň gymmatly ýörelgelerimizi dünýä ýaýmakda bahasyna ýetip bolmajak ähmiýeti bar. Türkmen halkynyň zähmetsöýerlik, dostluk, ynsaplylyk, myhmansöýerlik, agzybirlik ýaly ýörelgeleri, pederleriň pendine ýugrulan rowaýatlar bir bitewi paýhas sazlaşygyny emele getirip, durmuşymyza özüniň nuruny saçýar. Asyrlaryň synagyndan geçen, adam gymmatlygyny özünde jemleýän gadymy ýörelgeler bolsa ýaş nesle terbiýe bermekde gymmatly çeşme bolup durýar.

Gahryman Prezidentimiziň bu ajaýyp eseriniň bir bölüminiň ylym-bilim barada bolmagy onuň many-mazmuny has-da artdyrýar. «Ylym-bilim durmuşa ýagty saçýar» atly bölümde ylym-bilimiň uly baýlykdygy, ylmy ösdürmekligiň ertirki günüňi döretmekdigi, ylymsyz durmuşyň manysynyň bolmaýandygy, hünärli bolmak, il-günüňe peýda getirmek hakyndaky pikirler, rowaýatlar giňden beýan edilýär.

Tuwakgül MÄMMETGYLYJOWA,
Balkanabat şäherindäki 6-njy orta mekdebiň mugallymy.