Ýaşlar röwşen geljegimiziň eýeleridir

16 Ýanwar 2021
1925

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem ýaşlar baradadyr. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny röwşen geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesilleriň eşretli, bolelin durmuşda ýaşamagyna, okamagyna, işlemegine gönükdirilendir.

Milli Liderimiz Watanymyzyň geljeginiň ýaşlara baglydygyny hemişe nygtap, ýaşlaryň hukuk we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, olaryň arasynda ruhy-ahlak we medeni gymmatlyklarymyzy, milli däp-dessurlarymyzy wagyz etmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini has-da rowaçlandyrmak, watansöýüjiligi, raýat jogapkärçiligini, zähmete bolan söýgini terbiýelemek, döwlet we jemgyýetçilik bähbitleri bilen ýaşlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny utgaşdyrmak, olaryň jemgyýetçilik, şahsy başlangyçlaryny ileri tutmak, goldamak we höweslendirmek ýaly örän möhüm wezipeleri öňe sürýär. «Ýaşlar Watanymyzyň güýç-kuwwaty we abraý-mertebesidir» diýip nygtaýan döwlet Baştutanymyzyň sagdyn pikirli, ahlak taýdan arassa, ruhubelent, ylmyň soňky gazananlaryny ele alan, watansöýüjilik ruhunda terbiýelenen ýaş nesliň kemala gelmegi üçin ähli şert-mümkinçilikleri döredýändigi, elbetde, döwrümiziň ajaýyp hakykatydyr. «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrylýan işler bu ajaýyp hakykatyň aýdyň subutnamasy bolup dabaralanýar.

Nurgözel Ganýokmazowa,
Balkanabat şäher kazyýetiniň maslahatçysy, 2-nji derejeli ýurist.