Parahatçylyk we ynanyşmak ― Arkadagyň ak ýoly

15 Ýanwar 2021
1829

Parahatçylygy we ynanyşmagy dünýä ýaýýan Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda agzybir halkymyz täze ― 2021-nji ýyla ýagşy niýetler, hoşniýetli arzuwlar bilen gadam basdy. Halkymyzyň ykbalyna ýar bolýan her täze ýylyň taryhy özgerişleri bagtyýar watandaşlarymyzy belent maksatlara ruhlandyrýar. Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda ähli ugurlarda gazanylýan uly üstünlikler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpli ýokarlandyryp, eziz Diýarymyzyň ykdysady kuwwatyny barha artdyrýar.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy netijesinde täze, 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi bagtyýar halkymyzyň köňül şatlygyny goşalandyrdy. Bu şygar Türkmenistan döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny şöhratlandyrmakda, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny has-da belende götermekde, berkarar döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny giňden wagyz etmekde hem-de dünýä ýaýmakda möhüm ähmiýete eýedir.

Jemal DIWANOWA,
Mary etrap kazyýetiniň kazysy.