«Ýaşlar — Watanyň daýanjy» ýapon dilinde

17 sagat öň
24

Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ins­ti­tu­tyn­da hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» at­ly ki­ta­by­nyň ýa­pon di­lin­dä­ki ne­şi­ri­niň ta­nyş­dy­ry­lyş da­ba­ra­sy ge­çi­ril­di. Mä­lim bol­şy ýa­ly, döwlet Baştutanymyzyň çuň ma­ny-maz­mun­ly bu ese­ri dur­muş ul­ga­my­nyň dür­li ugur­la­ryn­da aja­ýyp üs­tün­lik­le­ri ga­zan­ýan we eziz Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ösüş­le­ri­ne my­na­syp go­şant goş­ýan türk­men ýaş­la­ry­na ba­gyş­lan­ýar.

Ge­çen ýy­lyň de­kab­ryn­da çap­dan çy­kan we türk­me­nis­tan­ly­la­ryň ýaş nes­li üçin mö­hüm gol­lan­ma öw­rü­len bu ki­tap da­şa­ry döw­let­ler­de hem uly gy­zyk­lan­ma eýe bol­dy. Onuň Su­ku­ba uni­wer­si­te­ti bi­len hyz­mat­daş­lyk­da ýa­pon di­li­ne ter­ji­me edil­me­gi hem mu­nuň aý­dyň gü­wä­si­dir. Mu­nuň özi Türk­me­nis­ta­nyň we Ýa­po­ni­ýa­nyň ara­syn­da däp bo­lan dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ryň ösü­şin­de no­bat­da­ky mö­hüm äh­mi­ýet­li wa­ka bol­dy. Şeý­le hem bu ýo­ka­ry okuw mek­de­bi bi­len hyz­mat­daş­lyk­da türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Öm­rü­miň ma­ny­sy­nyň do­wa­ma­ty» at­ly ede­bi-fi­lo­so­fik ese­ri ter­ji­me edil­di. Mä­lim bol­şy ýa­ly, Gahryman Arkadagymyzyň bu ki­ta­by şu ýy­lyň ýan­wa­ryn­da ýa­pon di­lin­de çap­dan çyk­dy.

Ogulgerek Çaryýewa,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy.