ÇÖREK MUKADDESLIGI

21 Dekabr 2024
135

Her bir halkyň edim-gylymlarynda, däp-dessurlarynda onuň ýaşaýyş terzi, durmuş filosofiýasy şöhlelenýär. Muňa halkymyzyň çörek hem-de tamdyr bilen baglanyşykly milli däp-dessurlaryny içgin öwrenenimden soň has aýdyň göz ýetirdim.

Ýadymda, şol mahallar heniz gulpagym örüme-de ýetmeýän gyzjagazdym. Enemiň tamdyrdan çykaran Güne meňzäp duran mele-myssyk çöreginiň ýüzündäki dürtgüç yzlaryny synlap oturşuma, çöregi dürtgüç bilen dürtmegiñ näme manysynyň bardygy bilen gyzyklandym. Enem adaja ýylgyryp, gürrüň bermäge başlady.

Aýperi SAPAÝEWA
Balkanabat şäherindäki iňlis dili, fizika we matematika okuw dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 22-nji orta mekdebiň mugallymy.