Alyslara uzaýan dostluk ýollary

19 Noýabr 2024
388

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyz barha rowaçlanýar. Ählitaraplaýyn gülläp ösýän ýurdumyzyň nebitgaz senagaty hem milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biridir. Türkmenistan geosyýasy taýdan amatly ýerde ýerleşýändigi we uglewodorod serişdelerine örän baýdygy netijesinde sebitiň we tutuş dünýäniň ykdysady ösüşine kuwwatly itergi berýär, ynsanperwer ýörelgeleri ýöretmek bilen parahatçylygy pugtalandyrýar.

Asyrlaryň dowamynda Ýewraziýa yklymynyň halklaryny baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek taglymaty Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň öňde goýan maksatlarynyň biridir. Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Türkmen gazynyň Günorta — Gündogar Aziýa ýurtlaryna uzakmöhletleýin iberilmegini üpjün etjek Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygy hem hemişelik Bitarap Watanymyzyň umumadamzat bähbitli başlangyçlarynyň möhüm bölegidir. Hemişelik Bitarap Türkmenistan «Açyk gapylar» we netijeli hyzmatdaşlyk syýasaty bilen dünýäniň ünsüni özüne çekýär. Şunda ýurtlary, döwletleri biri-biri bilen baglanyşdyrýan ýollaryň uly ähmiýeti bar. Diňe ýokary tizlikli hereket üçin niýetlenen awtobanlar hem tutuş dünýäde uly meşhurlyga eýe. Türkmenistanyň çäginden daşalýan ýükleriň möçberlerini artdyrmaga, gatnawlary çaltlandyrmaga amatly şertleri döredýän Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly goňşy Özbegistan döwleti bilen ulag ulgamyndaky gatnaşyklary ösdürmekde uly mümkinçilikleri açýar, şeýle hem bu ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Türkmenbaşy awtobanyna sepleşmegi ýük awtoulaglaryna Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna we şol ýerden Kawkaza, Ýewropa, Russiýa, Eýrana, Pars hem-de Oman aýlaglaryna çykmaga mümkinçilik döredýär. Ak ýollar ýürekleri birleşdirýär, dünýä ýüzünde parahatçylygy üpjün edýär.

Jahan HYDYROWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.