Welaýatlardan habarlar

8 Noýabr 2024
305

Aja­ýyp za­ma­na­myz­da ge­çi­ril­ýän bedenterbiýe we sport çä­re­leri, bäs­le­şik­ler ýaş­la­ryň has ze­hin­li­le­ri­ni ýü­ze çy­kar­mak­da uly äh­mi­ýe­te eýe bo­lup dur­ýar.

Bi­ziň şä­he­ri­miz­de hem or­ta mek­dep­le­riň okuw­çy­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da «Sag­dyn jem­gy­ýet – ber­ka­rar döw­let», «Sag­dyn ne­sil – gel­je­gi­miz», «Sport – bag­ty­ýar­lyk», «Sag­dyn ne­sil – kuw­wat­ly Wa­tan» di­ýen şy­gar­lar bi­len spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça ýa­ryş­lar yzy­gi­der­li gu­ral­ýar. Şo­la­ra bi­ziň mek­de­bi­mi­ziň okuw­çy­la­ry-da iş­jeň gat­naş­ýar­lar. Şeý­le bäs­le­şik­le­riň ola­ryň derslere ýe­ti­şigi­ni ýo­kar­lan­dyr­ýan­dy­gy­ny hem bel­le­mek ge­rek. Çün­ki sport­da tap­la­nan okuw­çy­nyň pi­kir­le­niş uky­by has-da art­ýar. Sag­dyn be­den­li, ru­hu­be­lent ýaş­la­ry­my­zyň gel­jek­de Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň ata Wa­ta­ny­my­zy gül­le­dip ös­dür­mek­de alyp bar­ýan be­ýik iş­le­ri­ne my­na­syp go­şant goş­jak­dyk­la­ry­na pug­ta ynan­ýa­rys.