Ekologiýa abadançylygy ugrunda

23 Oktýabr 2024
409

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisindäki çuň manyly çykyşynda şeýle diýdi: «Biz tebigata aýawly garamaga, onuň baýlyklaryny gorap saklamaga hem-de köpeltmäge uly üns berýäris. Şu ýyl ösümlik we haýwanat dünýäsini goramaklyga gönükdirilen Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 4-nji neşiri çap edildi. Milli tokaý maksatnamasy esasynda eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmekde toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Her ýyl ählihalk bag ekmek dabaralarynyň geçirilmegi bilen, ekologik abadançylyk üpjün edilýär».

Arkadagly Gahryman Serdarymyz mejlisde şeýle hem ýurdumyzda Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasyna laýyklykda durmuşa geçirilýän çäreleriň,  döwletimiziň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini, «Hazar ekologik başlangyjyny» döretmek hakyndaky teklipleriniň dünýäde giň goldaw tapandygyny belledi. Şundan görnüşi ýaly, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly içeri hem-de daşary syýasatynda ekologiýa meselelerine, ekologiýa diplomatiýasyna uly orun degişli bolup durýar. Şonda olaryň «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», beýleki möhüm resminamalarda, taslamalarda anyk beýan edilendigini aýtmak bolar. Şonuň ýaly-da, Türkmenistanyň häzirki wagtda howanyň üýtgemegi sebäpli döreýän ýaramaz hadysalaryň öňüni almak boýunça dünýäniň köp döwletleriniň amala aşyrýan çynlakaý, arkalaşykly, meýilnamalaýyn tagallalaryny, anyk hereketlerini giňden goldaýandygy, olara işjeň gatnaşýandygy mälimdir.

Gutlymyrat AŞYROW,
«Daşoguz habarlary».