Pagta ýygymy gyzgalaňly dowam edýär

22 Oktýabr 2024
344

Daşoguz welaýatynyň ähli etraplarynda pagta ýygymy gyzgalaňly dowam edýär. Pagta ýygymy welaýatymyzyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda has-da guramaçylykly alnyp barylýar. Bu etrabyň pagtaçy kärendeçileri Pähim-paýhas ummany Magtymguly pyragy ýylynda 30 müň gektar ýerde ösdürilip ýetişdirilen gowaçadan 57 müň 600 tonna «ak altyn» hasylyny öndürmegi göz öňünde tutýarlar. Etrabyň daýhanlarynyň ýygym möwsümine ählitaraplaýyn ykjam taýýarlykly gelmegi, pagta ýygymynyň ýokary depginlerde gitmegine uly mümkinçilik berýär. «8-nji mart» daýhan birleşiginden Zöhre Aşyrowa, Ogulnabat Bozowa, «Ýalkym» daýhan birleşiginden Gurbansoltan Aşyrowa, Ogulmaýa Myradowa ýaly kärendeçiler özleriniň meýilnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler. Bu kärendeçileriň göreldesine eýerýän etrabyň beýleki pagtaçy kärendeçileri hem öz öňlerinde goýan meýilnamalaryny berjaý etmek, atyzlardaky «ak altyn» hasylyny gysga wagtda ýygnap, Watan harmanyna tabşyrmak ugrunda iş depginlerini barha batlandyrýarlar. Bu işde kärendeçilere ýüwrük elli ýygymçy gelin-gyzlarymyz ýakyn ýardamçy bolýarlar. Ýygym möwsüminde ähli işleriň sazlaşykly alnyp barylmagy «ak altyn» harmanlarymyzyň gün-günden beýgelmegine uly mümkinçilik berýär.

Çynar BERDIKULYÝEWA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň esasy hünärmeni.