Bitaraplyk we Bitaraplygyň dostlary topary: adamzadyň ykbalyna jogapkärçilik

24 Awgust 2024
778

Her ýylyň sentýabr aýynyň ikinji ongünlüginde ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäheriniň Manhetten etrabyndaky Ist-Riwer aýlagynyň kenary dünýäniň «syýasy merkezine» öwrülýär. Hut şol ýerde Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasy ýerleşip, adamzadyň häzirki we geljekki ykbalyna dahylly möhüm çözgütler kabul edilýär. Guramanyň esasy wekilçilikli edarasy bolan Baş Assambleýanyň her ýyl geçirilýän sessiýalarynda agza ýurtlaryň ählisi çagyryşlar bilen çykyş edip, öz sesini eşitdirmäge mümkinçilik alýar. Şu ýylyň 10-njy sentýabrynda bolsa Baş Assambleýanyň 79-njy sessiýasy öz işine başlar. Däp bolşy ýaly, Bitarap Türkmenistan hem onda öz ileri tutýan garaýyşlaryny dünýä jemgyýetçiliginiň dykgatyna ýetirer.

Täze sessiýa täze teklipler

Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».