Ýokary hilli we döwrebap

9 Iýul 2024
755

Halk arasynda «Ädigiň dar bolsa, dünýäniň giňliginden ne peýda», «Ýigit aýbyn gyz açar, ädik aýbyn — suw» diýen nakyllar bar. Bu aýtgylar aýakgap tikmegiň halkymyzyň gadymy durmuşy bilen baglanyşyklydygyny aşgär edip, onuň hysyrdyly işdiginden habar berýär. Şonuň netijesinde-de merdana ata-babalarymyz ýokarda agzap geçen nakyllarymyzy bize miras goýupdyrlar. Olaryň haýsy döwürde dörändigine garamazdan, bu sözler özüniň göni ýa-da göçme manysynda häzir hem il içinde giňden peýdalanylýar. Häzirki döwrüň ösen tehnologiýalary, kämil enjamlary şol hysyrdyly işiň aňsatlyk bilen hötdesinden gelmegi başarýar. Munuň şeýledigini ýurdumyzda hereket edýän birnäçe aýakgap kärhanalary hem tassyklaýar.

Önümçilik binasy Mary şäherinde ýerleşýän «Röwşen» hususy kärhanasy indi ençeme ýyllardan bäri özüniň öndürýän ýokary hilli aýakgaplary bilen alyjylaryň söýgüsine mynasyp bolup gelýär. Elbetde, bu kärhananyň agzybir işgärleriniň tutanýerlilik hem-de yhlaslylyk bilen zähmet çekýändikleriniň netijesidir. «Röwşen» hususy kärhanasy indi 20 ýyldan gowrak wagt bäri üstünlikli iş alyp barýar. Bu ýerde ilkibada erkek adamlaryň aýakgaplary öndürilen bolsa, häzirki wagtda zenanlaryň hem-de çagalaryň dürli görnüşli köwüşleri hem öndürilip, müşderileriň ösen islegleri kanagatlandyrylýar. Şonuň üçin islendik ýaşdaky adamlaryň, şol sanda çagalaryň hem islegli aýakgaplaryny tapmak kynçylyk döretmeýär. Köwüşler gara, çal, gök we goňur reňkli bolup, alyjylaryň ünsüni özüne çekýär. Şeýle-de kärhanada sport aýakgaplary bilen bilelikde pasyllara görä niýetlenen köwüşler hem öndürilýär. Häzirki wagtda «Röwşen» hususy kärhanasynyň hünärmenleri howa çalşygy tebigy ýagdaýda bolup geçýän, ýumşak kauçukly tomusky köwüşleri alyjylara hödürlediler.

Baýnazar BAÝHANOW.
«Türkmenistan».