«Türkmen ýyldyzy» ösüşli menzillerde

3 Iýul 2024
773

Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän beýik özgertmeleri netijesinde eziz Diýarymyz günsaýyn bedew batly ösüşlere beslenýär. Beýleki pudaklar bilen bir hatarda ýurdumyzda hususyýetçiligi ösdürmeklige gönükdirilen döwletli işler hem oňyn netijesini berýär. Özleri üçin döredilen amatly şertlerden, giň mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanyp, hususy işlerini göwnejaý ýola goýýan telekeçileriň sany ýylsaýyn artýar.

Bu bolsa Garaşsyz Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň has-da artmagyna we ýurtda haryt bolçulygynyň emele gelmegine getirýär. Soňky ýyllarda Saýat etrabynyň Sakar şäheriniň çäginde ýerleşýän «Türkmen ýyldyzy» hojalyk jemgyýeti hem ýurdumyzda öňdebaryjy hususy kärhanalaryň hatarynda tanalýar. Bu ýerde alnyp barylýan işler hakynda hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Babanazar Rejebow şeýle gürrüň berýär:

Erkin HEZRETOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Çärjew etrap geňeşiniň bölüm müdiri.