Gözel tebigat, abadan durmuş wasp edildi

5 Iýun 2024
936

Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli welaýat kitaphanasynyň mejlisler jaýynda welaýat häkimliginiň, welaýat daşky  gurşawy goramak müdirliginiň,  Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat  komitetiniň bilelikde guramaklarynda geçirilen çärä Hazar ekologiýa gözegçilik gullugynyň, Hazar hem-de Sünt-Hasardag döwlet tebigy goraghanalarynyň, welaýat tokaý hojalygynyň hünärmenleri, Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň welaýat bölüminiň işjeň agzalary, edara-kärhanalaryň işgärleri, ýaşuly nesliň wekilleri,  talyplar gatnaşdylar. Onda çykyş edenler döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrülen daşky gurşawy goramak boýunça alnyp barylýan işleriň ýurdumyzyň has-da gözelleşmegine ýardam berip, tebigy baýlyklarymyzyň artmagyna getirýändigini aýratyn nygtadylar. Ata Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar. Soňra edara-kärhanalarda ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän işleri durmuşa geçirmekde şahsy zähmeti bilen tapawutlanyp, görelde görkezýän işgärlere Hormat hatlary, ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Oguljennet Annageldiýewa,
«Balkan».