Ekologiýa — abadan durmuşyň kepili

16 Aprel 2024
1206

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Halkymyzda topragyň, arassa suwuň goralmagyna aýratyn eserdeň garalypdyr. Bu häzirki döwürde-de ekologiýa boýunça talaplary üpjün edýär» diýip belleýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ählihalk bag ekmek maksatnamasynyň, ilkinji nobatda, ekologik nukdaýnazaryndan, şol sanda halkymyzyň amatly ýaşaýşy üçin zerur şertleriň döredilmegi babatda hem uly ähmiýetlidigini yzygiderli belleýär. Şunuň bilen baglylykda, ilatly ýerleriň töwereginde täze tokaý-seýilgäh zolaklarynyň döredilmegine aýratyn üns berilýär. Öz çäklerini barha giňeldýän şäherleriň eteklerinde kemala gelýän şeýle zolaklar adamlar üçin örän bähbitlidir.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, tebigata söýgi zähmete söýgini kemala getirmegiň binýadydyr. Bahar paslynyň gelmegi bilen ýurdumyzda ählihalk bag ekmek dabarasy giňden ýaýbaňlandyrylyp, täze bag nahallary oturdylýar, ýaş baglara ideg edilýär. Wagtyň geçmegi bilen ekilen baglaryň özboluşly ajaýyp gözellik döretmegi ählimizi buýsandyrýar.

Läle BERDIÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.