Haýwanlar hem aýdym aýdýarlarmyka?

7 Noýabr 2023
2453

Siz tebigatda diňe bir guşlaryň aýdym aýdyp, nagma kakman, eýsem, beýleki suw jandarlarynyň hem aýdym aýdyp bilýändigini bilýärmisiňiz? Şeýle jandarlara kitler degişlidir. Kitleriň sesleri adamlaryň aýdym aýdyşlaryna meňzemän hem duranok.

Tebigatda dişli we dişsiz kitler bar. Dişsiz kitler köpeliş döwründe üýtgeşik, aýdyma meňzeş sesleri çykarýarlar. Dişli kitleriň we delfinleriň sesleri dişsiz kitlere garanda, pes ýygylykdadyr.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Enebaý ANNALYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.