"Neutral Turkmenistan" newspaper

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neutralturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Dünýäniň täsin ýadygärlikleri

Halkymyzyň buýsanjy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe barha gözelleşýän Aşgabadyň günbatar böleginde hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, belent ýaşaýyş jaýlaryny, durmuş maksatly binalary özünde jemleýän gözel künjek peýda boldy. Bu ýerde zerur ýol-ulag düzümi döredildi. Aýlawly awtomobil çatrygynyň merkezini bolsa täsin «Türkmen alabaýy» heýkeli bezeýär. Magtymguly şaýolunyň esasy çatryklarynyň biriniň baş bezegine öwrülen heýkelde alabaýyň özboluşly aýratynlygy öz beýanyny tapypdyr. Heýkeliň şekiliniň beýikligi 6 metre barabardyr. Ol beýikligi 9 metre barabar bolan desgada ornaşdyrylandyr. Şeýlelikde, diametri 36 metre barabar bolan meýdançada ýerleşen 15 metrlik heýkel ähli tarapdan we alyslardan oňat görünýär.

Jahanyň meşhur muzeýleri

Şöhratly taryhymyzyň beýany 2013-nji ýylyň 25-nji aprelinde hormatly Prezidentimiziň Karary bilen Türkmenistanyň Milli medeniýet merkeziniň ady üýtgedilip, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkezi diýlip, şeýle-de Türkmenistanyň Baş milli muzeýiniň ady üýtgedilip, täze döredilen merkeziň düzümine girizildi we ol «Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi» diýlip atlandyryldy. Muzeýiň umumy meýdany 165323,21 inedördül metrdir. Muzeýiň merkezi binasynyň birinji gatynda Garaşsyzlyk bölümi, türkmen halysyna bagyşlanan we wagtlaýyn sergi bölümleri, ikinji gatynda Gadymy döwür taryhy, Marguş, Parfiýa we iki sany Orta asyrlaryň taryhyna degişli bölümler ýerleşdirilendir. Şeýle hem, muzeýde paleolit, mezolit, neolit, eneolit döwürlerine degişli birnäçe gymmatly arheologik tapyndylar bar.

Gök­de­re­de gö­wün­ler şat

Dynç alyş möw­sü­mi­niň şat­lyk­ly pur­sat­la­ry do­wam ed­ýär. Ýa­kyn­da Gök­de­re­de ýer­leş­ýän «Çy­nar», «Al­tyn süm­mül», «Ne­bit­çi», «Be­ýik Ser­da­ryň ru­hu­be­lent ne­sil­le­ri» at­ly ça­ga­lar dynç alyş we sa­gal­dyş mer­kez­le­rin­de dür­li dabaraly çä­re­ler gu­ral­dy. Olar ýaş­la­ryň ze­hin, ukyp-ba­şar­nyk­la­ry­ny ös­dür­mek mak­sa­dy bi­len ge­çi­ri­lip, ýur­du­myz­da kör­pe ne­sil­le­riň be­den hem ru­hy taý­dan sag­dyn­ly­gy­ny, edep-ter­bi­ýe­li­li­gi­ni ga­zan­mak üçin dö­re­dil­ýän giň şert­le­riň oňyn ne­ti­je­le­ri­ni açyp gör­kez­di. Şeý­le hem ta­ny­mal dö­re­di­ji­lik iş­gär­le­ri bi­len du­şu­şyk­lar, ki­tap­ha­na­la­ryň, mu­zeý­le­riň göç­me ser­gi­le­ri, teatr­lar ta­ra­pyn­dan gu­ral­ýan sah­na çy­kyş­la­ry, ki­çi ýaş­ly mek­dep okuw­çy­la­ryň ara­syn­da halk er­te­ki­le­ri­ni bil­mek bo­ýun­ça gu­ra­lan bäs­le­şik­ler, su­rat çek­mek we çe­per oka­ýyş bo­ýun­ça bäs­le­şik­ler dynç alyş möw­sü­mi­niň ma­ny-maz­mu­ny­ny has-da baý­laş­dyr­dy. Ça­ga­la­ryň adat­dan da­şa­ry ýag­daý­lar­dan baş alyp çyk­mak uky­by­ny kä­mil­leş­dir­mek, ýol he­re­ke­ti­niň düz­gün­le­ri­ni ber­jaý et­mek ba­ra­da­ky dü­şün­je­le­ri­ni gi­ňelt­mek, eko­lo­gi­ýa aras­sa­çy­ly­gy ba­ra­da de­giş­li hü­när­men­le­riň dü­şün­di­riş iş­le­ri­ni ge­çir­mek hem möw­sü­miň äh­mi­ýet­li wa­ka­lar­ydyr. «Çy­nar» ça­ga­lar dynç alyş we sa­gal­dyş mer­ke­zin­de dynç al­ýan gyz­ja

Dynç alşyň ýakymy

— Mähriban çagalar, täze okuw ýyly golaýlap gelýär. Tomusky dynç alşyňyzy gyzykly geçirdiňizmi? Siziň deň-duşuňyz Atajan-a bu ýyl tomusky dynç alşyny obada geçiripdir. Ol geljek ýylky dynç alyşlaryny hem obada geçirmek isleýär. Onuň aýdýan gyzykly gürrüňlerini diňläsiňiz gelýärmi?! — Dostlar, oba durmuşy örän gyzykly. Obada atamlaryň bag-bakjaly mellegi bar. Mellekdäki ir-iýmişli baglaryň hasylyny göterip bilmän duran şahalaryny bir görseňiz, mellekden çykasyňyz gelmez. Dürli ir-iýmişlerini güjeňläp, şahalaryny egip duran baglaryň saýasynda oturyp, datly miwelerinden iýip görüň, tagamy başgadyr. Baglaryň şeýle bol hasyl bermeginiň sebäbini atamdan soradym. Ol:

«Hyatt Hotels» kompaniýasy «Apple Leisure Group»-y ABŞ-nyň 2,7 milliard dollaryna satyn alýar

«Hyatt Hotels» kompaniýasy «Apple Leisure Group» şypahana kompaniýasyny hem-de «KSL Capital Partners» kompaniýasyny satyn almak boýunça 2,7 milliard dollarlyk şertnama baglaşdy. Geleşik tamamlanandan soň kompaniýa dünýäniň şypahana-dynç alyş biznesinde paýyny iki esse artdyrar. Häzirki wagt­da Çikagoda (ABŞ) ýerleşen «Hyatt Hotels» dünýäniň 45 döwletinde «Hyatt», «Hyatt Regency», «Grand Hyatt», «Park Hyatt», «Hyatt Place» we «Hyatt Summerfield Suites» brendi bilen işleýän 673 otelleri we myhmanhanalary dolandyrýar.

Gezsem, dünýäni görsem

«Oguz han we ogullary» suw çüwdürimler toplumy «Oguz han we ogullary» atly suw çüwdürimler toplumy 2008-nji ýylyň 29-njy iýunynda paýtagtymyz Aşgabadyň Halkara howa menziline barýan köp gatnawly ýoluň çatrygynda açylyp, ol Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Gözel paýtagtymyza syýahata gelýän jahankeşdeleriň ünsüni özüne çekýän toplum 27 sany suw çüwdürimden ybarat bolup, ol şanly Garaşsyzlygymyzyň gazanylan senesini aňladýar. Toplumyň depesinden seredeniňde, onuň ýapraklary 12 sany ýaýraýan güle meňzeýär. Bu bolsa hemişelik Bitaraplygymyzyň gazanylan senesini alamatlandyrýar. Yşyklandyryş ulgamy Gün energiýasy bilen işleýän toplumyň umumy meýdany 14,82 gektara deňdir.

Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi gyzgalaňly dowam edýär

Isleg-arzuwlaryň amala aşýan ýurdy hökmünde halkara giňişliginde ykrar edilen Türkmenistanda körpe nesil çäksiz üns-alada bilen gurşalandyr. Ajaýyp döwrümiziň bagtyýar çagalary dünýä ölçeglerine laýyk gelýän bakja-baglarda terbiýelenilýär, döwrebap mekdeplerde bilim alýar, ülkämiziň iň gözel künjekleri hasaplanylýan dag etegindäki Gökdere jülgesinde we gojaman Hazaryň kenarynda sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde keýpiçaglykda, şadyýanlykda, ruhubelentlikde wagtyny netijeli geçirýär. Tomusky dynç alyş möwsümi çagalar üçin iň bir gyzykly we başdan geçirmeleriň döwrüdir. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň häzirki ajaýyp günlerinde beýleki ulgamlarda bolşy ýaly, nebitgaz toplumyna degişli dynç alyş merkezlerinde hem ýaş nesillerimiziň müňlerçesi talabalaýyk dynç alýar. Ir ertirleri nurana, agşamlary sapaly gözel Gökderede hereket edýän «Çeşme», «Nebitçi», «Nesil», «Şöhle» merkezleri bagtyýar ýaş ösdürimleriň ygtyýarynda. Bu ýerde çagalaryň gowy dynç almagynyň üpjün edilmegi bilen birlikde, olaryň wagtynyň netijeli geçirilmegine aýratyn üns berilýär. Merkezlerde kompýuter, aýdym-saz, tans, şekillendiriş, çeper okaýyş, dil öwrediş, tikinçilik we beýleki gurnaklar işleýär. Ondan başga-da, kitaphanalar, sport zallary we meýdançalary, kino zallary çagalaryň ýokary derejede dynç almagyny üpjün etmek bilen birlikde, olaryň gözýetiminiň giňemeginde, bedeniniň b

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň binagärlik täsinlikleri

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallasy bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň gatnaşmagynda möhüm ähmiýetli halkara çäreler geçiriler. Biz hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň binagärlik täsinlikleri bilen okyjylarymyzy tanyşdyrmagy makul bildik. «Han çadyry» söwda merkezi

Dostlukly ýurduň paýtagty Duşenbe

Meşhur meýdança Täjigistanyň paýtagty Duşenbäniň iň meşhur ýerleriniň biri «Dostluk» meýdanydyr. 1930-njy ýylda gurluşygyna başlanan bu meýdança geçen ýyllarda dürli atlar bilen tanalypdyr. Ol 1997-nji ýylda häzirki «Dostluk» adyna eýe bolýar. Meýdançada 1991-nji ýylda Gündogaryň belli şahyry Ferdöwsiniň heýkeli oturdylýar. 1999-njy ýylda meýdançada düýpli abatlaýyş işleri geçirilýär. Şol ýyl Samanylar döwletiniň 1100 ýyllyk ýubileýi mynasybetli bu ýerde Orta asyr Gündogar edebiýatyna howandarlyk eden şahsyýet, emir Ysmaýyl Samanynyň ýadygärligi oturdylýar. Bu meýdançadaky ýadygärlikler täjik halkynyň milliligini şöhlelendirýän özboluşly gymmatlyk bolup durýar.

Sergin howaly künjekde

«Ýaşyl ýaýla» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezi Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Hywaabat jülgesinde ýerleşýär. Tebigatyň bu gözel künjegindäki merkez mekdep okuwçylarynyň tomusky hem gyşky dynç alyş möwsümlerinde uly ruhubelentlige beslenýär. Şu günler gürrüňi edilýän merkezde dynç alýan çagalaryň şadyýan gülki sesleri has hem buýsançly ýaňlanýar. 2015-nji ýylda açylyp ulanylmaga berlen bu merkez welaýatyň çagalarynyň iň söýgüli mekanyna öwrüldi. Her tapgyrda 300 çaganyň dynç alyp, wagtyny hoş geçirmegi üçin ýokary derejedäki mümkinçilikleriň bolmagy bagtyýar nesillerde guwanç duýgusyny döredýär.

Awaza hakynda aýdym

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 6-7-nji iýulynda ýurdumyzyň Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda bolup, ol ýerde dürli maksatly desgalaryň gurluşygynyň depgini bilen tanyşdy. Häzirki wagtda milli Liderimiziň üns-aladasy bilen bu ýerde ajaýyp künjek — döwrebap syýahatçylyk şäherjigi kemala geldi: köp sanly ýokary derejeli myhmanhanalar, çagalar we uly adamlar üçin niýetlenen sagaldyş-dynç alyş merkezleri, kottejlerdir seýilgäh-dynç alyş toplumlary peýda boldy. Netijede, Awaza dünýä derejesindäki şypahana, dynç alyş, syýahatçylyk hem-de halkara hyzmatdaşlygyň merkezi hökmünde ykrar edildi.

Türk­men sy­ýa­hat­çy­ly­gy­nyň tä­ze sep­git­le­ri

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň ähli pudaklarynda uly ösüşler gazanylýar. Bedew bady bilen ynamly öňe barýan ata Watanymyzda gazanylýan üstünlikler, eýelenýän belent sepgitler bütin dünýäde uly gyzyklanma döredýär. Ähli ulgamlarda bolşy ýaly, ýurdumyzyň syýahatçylyk pudagynda gazanylýan ösüşler hem dünýä jahankeşdeleriniň ünsüni ýurdumyza gönükdirýär. Her bir ýurt üçin syýahatçylyk pudagy möhüm ulgamlaryň biri bolup durýar. Çünki haýsy ýurtda syýahatçylyk ösen bolsa, şol ýurduň ruhy we medeni gymmatlyklarynyň, ählumumy ösüşleriniň halkara jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredip, döwletiň abraý-mertebesiniň Ýer ýüzünde has-da belende galmagynda wajyp ähmiýete eýe bolýar. Şol bir wagtda bolsa bu pudagyň ösüşleri, elbetde, ýurduň ykdysady taýdan hem berkemeginde wajyp orun eýeleýär. Hut şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiz turuwbaşdan güneşli Diýarymyzyň ähli ulgamlary bilen bir hatarda, syýahatçylyk pudagyny hem ösdürmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biri hökmünde garaýar. Bu ugurda amala aşyrylýan oňyn özgertmeler bolsa özüniň giň gerimliligi bilen täze many-mazmuna eýe bolýar. Ýurdumyz Garaşsyzlygyna eýe bolandan soňra «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň gurluşyklaryna badalga berlip, häzirki wagtda Hazaryň türkmen kenary görlüp-eşidilmedik derejede özgerdi

Gezsem, dünýäni görsem

Aziýanyň merjeni Beýik ösüşlere beslenýän ata Watanymyzyň baş şäheri Aşgabat özüniň täsin şähergurluşyk-binagärlik keşbi bilen göreni haýrana goýýar. Mähriban paýtagtymyz 2013-nji ýylyň 25-nji maýynda ak mermerli binalaryň iň köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Oňa laýyklykda, şol wagtky maglumatlara görä, (olaryň sany ýyl geldigiçe yzygiderli artýar) 22 inedördül kilometre barabar bolan meýdanda ak mermer bilen örtülen binalaryň 543-si ýerleşýär. Onuň umumy meýdany 4,5 million inedördül metrden gowrakdyr. Şol günden bäri hormatly Prezidentimiziň gol çeken «Aşgabat şäheriniň gününi döretmek hakyndaky» Permanyna laýyklykda, her ýylyň 25-nji maýy — paýtagtymyzyň güni hökmünde ýurdumyzda uly dabara bilen bellenilýär.

Gezsem, dünýäni görsem

Janly tebigatyň milli muzeýi Gözel paýtagtymyzyň golaýynda ýerleşýän Janly tebigatyň milli muzeýi 2010-njy ýylyň 11-nji oktýabrynda dabaraly ýagdaýda açyldy. Täsin künjek dört bölege bölünip, onuň gündogar böleginde Afrika sawannasy, ýyrtyjy haýwanlar, günbatar böleginde bolsa toýnaklylar we guşlaryň mekany ýerleşýär. Güneşli ülkämiziň tebigatynda duş gelýän ýabany haýwanlar bilen bir hatarda, bu ýerde balyklaryň köpdürli görnüşleri saklanylýan akwariumlar, terrariumlar, Ýer ýüzüniň dürli künjeklerinden getirilen seýrek duş gelýän jandarlar görenleri haýran galdyrýar. Bu ýerde diňe bir täsin haýwanat dünýäsi bilen tanyşdyrylman, eýsem, haýwanlaryň eldekileşdirilmegi, ýerli howa şertlerine uýgunlaşmagy, köpelmegi ugrunda hem hünärmenler tarapyndan örän uly tagallalar edilýär. Ýaşlarda tebigata söýgini döretmekde, ýabany jandarlaryň köpeldilmegi babatda hem Janly tebigatyň milli muzeýi örän möhüm ähmiýete eýedir.

Sekizýap tebigaty söýüjilere garaşýar…

Taryhy hem-de medeni ýadygärliklere baý bolan güneşli ýurdumyz Türkmenistanyň ýene-de bir syýahatçylyk ýerleriniň biri-de, Sekizýap çeşmesidir. Ol Köpetdagyň iň owadan ýerleriniň biri hasaplanylýar. Şähridag obasynyň içinden akyp geçýän bu çeşmejik öz gözbaşyny Gökdepe etrabynyň günortasyndan, Köpetdagyň belentliklerinden alyp gaýdýar. Uzynlygy 30 km. töweregi bolan Sekizýabyň akyp geçýän ýerleri durşuna bag-bakjalykdyr. Gözelligine gözellik goşýan birnäçe sany şaglawuklar — bu gudratly çeşmejigiň taryhyny öwrenmäge çalyşýan syýahatçylaryň ünsüni has-da özüne çekýär. Bu ajaýyp jülge özüniň gözelligi, howasynyň arassalygy, jana şypaly suwy bilen gezelenje gelýänleriň göwnüni göterýär. Dereleriň arasyndan ses edip gaýdýan Sekizýabyň salkyn şemaly bu ýerlere dynç almaga gelýänleriň ylhamyny joşdurýar. Tebigatyň adamzada eçilen bu ýerlerinde ýabany haýwanlaryň hem köpsanlysyny golaýdan synlap, olaryň içki dünýäsine aralaşmak gör nähili gyzykly. Mundan başga-da, çeşmäniň töwereginde adam eli bilen döredilen taryhy ýadygärliklere, ýagny birnäçe kilometrlere uzalyp gidýän kärizlere hem-de çeşmäniň boýundaky gurlan degirmenlere gözüň düşende ata-babalarymyzyň örän işeňňir bolandygyna doly göz ýetirýärsiň. Sekizýap adynyň emele gelşini (etimologiýasyny) käbir adamlar sekiz obany suw bilen üpjün edenligi bilen baglanyşdyrsalar, käbirleri bolsa sekiz sany çeşmejigiň birigip bir akaba öwr

Meniň arzuwym

Çagalar bagyna gatnaýan wagtlarym mekdebe okuwa gitmäge howlugýardym. Şol döwürde Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen biz — çagalar üçin «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda gurlup, ulanylmaga berlen «Daýanç» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi barada käbir deň-duşlarymyň täsirli gürrüňlerini diňläp, ol ýerde dynç almagy arzuw edýärdim. Bu arzuwym 2016-njy ýylda hasyl boldy. Kakam, ejem hem-de jigilerim Suraý, Perhat dagy bilen ýolagçy otlusyna münen günüm häzir hem ýadymda. Çünki men şonda ilkinji gezek ýolagçy otlusyna münüpdim. Ýolugra Aşgabatda düşüp, garyndaşlarymyzyň öýünde myhman bolmalydyk. Paýtagtymyz gözel Aşgabady görjegime begenýärdim. Biz irden otludan düşdük. Köpetdagyň eteginde ýerleşýän Aşgabat şäheri şeýle bir owadandy. Men köçeleri, ýollary, ak mermerli köp gatly binalary görüp haýran galdym. Biziň uzyn günki gezelenjimiz örän gyzykly hem täsirli boldy. Şol pursatda terbiýeçimiziň öwreden:

Beýik döwrüň joşguny

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Gökdere jülgesi çagalaryň söýgüli mekanyna öwrüldi. Bu gözel künjekdäki çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezlerinde çagalaryň oňaýly dynç almaklary üçin ähli şertler döredilendir. Mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän häzirki günlerinde dag jülgesindäki dynç alyş-sagaldyş merkezlerinde çagalar özleriniň saglygyny berkidip, wagtyny şadyýan geçirýärler. Bu ýerdäki «Demirýolçy» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezi hem çagalara özüniň gujagyny giňden açýar. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplary bolan biz — bagtyýar ýaşlar şu günler özümiziň okuw-terbiýeçilik tejribeligimizi gürrüňi edilýän merkezde geçýändigimiz hem-de bu gözel künjekde dynç alýan çagalaryň arasynda gyzykly çäreleri guraýandygymyz üçin juda begenýäris. Bu çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde okuw-terbiýeçilik tejribeligini geçmegimiz bize nazaryýetde alan bilimlerimizi tejribede has-da kämilleşdirmäge uly ýardam edýär.

Dünýäniň meşhur köprüleri

Täsin desga Ýurdumyzyň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde gurlup ulanylmaga berlen Türkmenabat — Farap demir ýol we awtomobil köprüleri 2017-nji ýylyň martynda hormatly Prezidentimiziň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açyldy. Awtomobil köprüsiniň uzynlygy 1600 metre, dört zolakly hereket ediş böleginiň ini 21,5 metre barabar bolup, demir ýol köprüsiniň uzynlygy 1750 metre, ini 5,8 metre deňdir. Köprüleriň gurluşy boýunça ýokary halkara ölçeglerine laýyk gelip, tehniki we ulanyş howpsuzlygy babatda zerur enjamlar bilen üpjün edilendigi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Bu köprüler Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy, ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Şatlyga beslenýän günler

Murgap jülgesiniň owadan tebigatly, gözel künjeginde ýerleşýän «Arkadagyň bagtyýar nesilleri» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde welaýatyň mekdep okuwçylarynyň 150-si möwsümiň geçen üç tapgyrynda oňat dynç alyp, wagtlaryny şadyýanlykda geçirdiler. Golaýda bu sapaly künjek welaýatyň mekdep okuwçylarynyň 150-sini dynç alyş möwsüminiň nobatdaky tapgyryna kabul etdi. Merkezde dynç almaga gelen çagalar alada bilen gurşalýar. Binanyň oýunlar otagynyň çaga güýmenjeleri bilen üpjün edilmegi çagalarda uly gyzyklanma döredýär. Merkeziň sport zalynda dürli enjamlaryň uly toplumy bolup, ol çagalaryň beden taýdan sagdyn bolmagyna uly ýardam edýär. Ýörite döredilen gurnaklarda çagalara höwes bildirýän hünärleri boýunça zähmet endikleri we dürli el işleri öwredilýär. Merkeziň ýanaşyk ýerlerinde çaga dünýäsine mahsus derejede guralan oýun meýdançasy, üsti açyk howdan bu ýerdäki çagalaryň ünsüni bada-bat özüne çekýär.

Goja Hazaryň sapasy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeler milli ykdysadyýetimiziň ösmegine oňyn täsir edýän syýahatçylyk pudagynda-da öz beýanyny tapýar. Ýurdumyzyň gaýtalanmajak özboluşly tebigy ýerleri, türkmen halkynyň asyrlardan gözbaş alýan myhmansöýerligi milli syýahatçylygyň ösmegi üçin esas bolup durýar. Milli ykdysadyýetimiziň geljegi uly pudaklarynyň biri bolan syýahatçylygyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Muny döwlet Baştutanymyzyň: «Awaza» dynç alyş we syýahatçylyk zolagy Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşleriniň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülmelidir» diýen sözleri hem tassyklaýar. 2007-nji ýylda milli Liderimiziň başlangyjy bilen goja Hazaryň gündogar kenarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny döretmäge girişildi. Şondan bäri bu ýerde döredilen amatly şertler Hazar deňziniň täsin ekologik ulgamyny aýawly saklamaga, onuň tebigy baýlyklaryndan rejeli peýdalanmaga, saglygy dikeldiş we dynç alyş merkezlerinde raýatlaryň saglygyny dikeltmegi, dynç almagy üçin ýokary derejeli mümkinçilikleri döretmäge, milli syýahatçylyk ulgamyny ösdürmäge gönükdirilendir.