Dünýäniň meşhur adalary

7 Ýanwar 2022
2564

Ýer ýüzünde tebigy aýratynlygy bilen haýran galdyrýan adalaryň müňlerçesi bar. Olaryň köpüsi iri şähere ýakyndygy, gämi gatnaw ýollarynyň kesişýän ýerinde ýerleşýändigi, ýaşamak üçin amatlydygy sebäpli oturymlylaşypdyr. Bu adalaryň käbiri barada gysgaça maglumaty siziň dykgatyňyza ýetirýäris. Wenesiýa Kanallary bilen dünýä belli Wenesiýada ululy- kiçili 117 adalary birleşdirýän 455 köpri bar. Adanyň köne merkezinde kanallar edil şäherlerdäki ýollar ýaly ulanylýar. Güýçli tolkunlaryň emele gelýän güýz we gyş pasyllarynda adanyň iň pes ýeri bolan Pýazza San Markony suw basýar. Maglumatlara görä, sebit soňky müň ýylda 7 santimetr çöküpdir. Geçen asyryň dowamynda Wenesiýa şäheriniň 24 santimetr peselendigi aýdylýar. Alymlar Adriatik deňzinde suwuň derejesiniň ýokarlanmagynyň Wenesiýanyň çökmegine sebäp bolandygyny çaklaýarlar. Flores Flores adasy Peten Itza kölünde ýerleşip, bir tarapy gury ýere birikdirilen, beýleki tarapynda bolsa Santa Elena we San Benito şäherleri ýerleşýär. Bu ýerde Maýa medeniýetiniň taryhy galyndylary saklanyp galypdyr. Bu taryhy ýadygärlikler her ýylda müňlerçe syýahatçyny özüne çekýär. Mundan başga- da ada şäherindäki gyzyl üçekli binalar, daş düşelen dar köçeler, taryhy ybadathanalar, myhmanhanalar we restoranlar daşary ýurtly syýahatçylar üçin ýatdan çykmajak dynç alşy hödürleýär. Lindau Taryhy şäher Lindau Awstriýa, Germaniýa we Şweýsariýa serhetleriniň Konstans kölüniň gündogar böleginde ýerleşýär. Şäher materik bilen demir ýol köprüsi arkaly birleşýär we 3 müň töweregi ilaty bar. Agaçdan ýasalan Orta asyr medeniýetine degişli binalar syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär. Meksikaltitan Meksikanyň Ýuwaş ummanynyň kenaryndaadam tarapyndan döredilen kiçijik ada şäheriniň daş-töweregini batgalyk we mangrow agaçlary gurşap alýar. Esasan hem, iýun-oktýabr aýlaryndaky ýagyş möwsüminde köçelerde suw joşýar. Şeýle ýagdaýda ýerli ilat we jahankeşdeler bu ýere gaýykda gezelenç edýärler. Taryhçylar bu ýerde irki wagtlarda aztekleriň ýaşap geçendigini belleýärler. Peskatori Balykçylar adasy diýmegi aňladýan bu ýer Şweýsariýanyň Lago Madjore kölündäki Borromeo adasynyň demirgazygynda ýerleşýär. Adanyň 50 sany ýaşaýjysy bar. Bu ýeriň ilaty balykçylyk bilen meşgullanýan hem bolsa, soňky ýyllarda jahankeşdeleriň artmagy bilen syýahatçylyk pudagynda işleýänleriň sany hem artdy. Nesebyr «Gara deňziň merjenleri » diýlip atlandyrylýan Nesebyryň üç müň ýyldan gowrak taryhy bar. Bolgariýa degişli bolan bu ada taryhy binalarynyň köpdügi bilen tapawutlanýar. Şäherde gündogar prawoslawlaryň baý binagärlik mirasyny görmek bolýar. Santa Kruz Kolumbiýanyň Karib deňziniň kenarynda ýerleşýän Santa Kruz dünýäniň gür ilatly adasy hasaplanýar. Bu ýerde takmynan 90 öý bolup, 1 gektar töweregi meýdanda 1 müň 200 töweregi adam bar. Ilaty goňşy Mukura adasynda futbol oýnaýan Santa Kruzdaky ýeke- täk meýdança tennis meýdançasynyň ýarysyna deňdir.

Manhetten 

Beýleki habarlar