"Neutral Turkmenistan" newspaper

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neutralturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Sahna eserleriniň bäsleşigi

Ak bugdaý etrabynyň Gämi oba medeniýet öýünde welaýatyň teatr we drama toparlarynyň arasynda «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» ady bilen yglan edilen teatrlaşdyrylan sahna eserleriniň bäsleşiginiň Ahal welaýat tapgyry geçirildi. Welaýat häkimligi, Medeniýet müdirligi hem-de jemgyýetçilik guramalary tarapyndan yglan edilen bäsleşige etraplaryň teatr toparlary işjeň gatnaşdy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gündogaryň beýik akyldary, türkmeniň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň ömür-döredijiligine we ol hakda ýazylan ajaýyp eserlere salgylanyp, dana şahyryň durmuşyny, şahsyýetiniň beýikligini, pikir we duýgy kämilligini beýan edýän wakalary ussatlarça sahnalaşdyrmak hem-de tomaşaçylara ýetirmek maksady bilen geçirilen bäsleşik turuwbaşdan uly ruhubelentlige beslendi. Döredijilik toparlary ýerine ýetiren teatrlaşdyrylan çykyşlarynyň üsti bilen beýik akyldar şahyryň çuňňur akyl-paýhasyny, watansöýüjiligini, il-gününe bolan hormatyny, çäksiz zehin-ukybyny mynasyp şekilde, çeper şöhlelendirmekde başarnyklaryny görkezdiler. Artistleriň her biriniň özüne ynanylan keşbi ussatlarça ýerine ýetirmegi eserleriň täsirliligini artdyrdy.

Dost-doganlyk köprüsi berkeýär

Golaýda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan dabaralar geçirilip, olara Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşdy. Baýramçylyk çäreleri Astrahan oblastynyň Funtowo obasynda ýerleşýän Magtymguly adyndaky orta mekdepde ýaýbaňlandyryldy. Döwrebap bilim ojagynda guralan sergide milli gymmatlyklar, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de akyldar şahyrymyzyň eserleri öz beýanyny tapsa, baýramçylyk dabarasynda edilen çykyşlarda türkmen we rus halklarynyň köpasyrlyk dostlukly gatnaşyklaryndan, beýik söz ussadynyň halklary ýakynlaşdyrýan döredijilik mirasyndan söz açyldy.

Ýaşlyk joşguny aýdym-sazda ýaňlanýar

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda ýörite sazçylyk we sungat ugurly okuw mekdepleriniň arasynda yglan edilen «Ýaşlyk joşguny» atly bäsleşik geçirildi. Oňa welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyplary hem gatnaşyp, öňdäki orunlary eýelemegi başardylar. Ýörite sazçylyk we sungat ugurly okuw mekdeplerini tamamlan we şu ýyl tamamlaýan uçurymlary saz sungatynyň dürli ugurlary boýunça döredijilige ugrukdyrmak, olaryň ýerine ýetirijilik ussatlygyny ýokarlandyrmak, şeýle hem saz sungatyna höwesli zehinleri ýüze çykarmak maksady bilen geçirilen bäsleşikde oňa gatnaşyjylar düzgünnamada görkezilen şertler boýunça çykyş etdiler. Olaryň çykyşlaryna Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň professor-mugallymlaryndan ybarat bolan eminler baha berdiler.

Döredijilik bäsleşigi

Sungatda ýaşlyk joşguny Aşgabat şäheriniň gözel künjeginde ýerleşýän Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda «Ýaşlyk joşguny» atly döredijilik bäsleşigi geçirildi. Bäsleşige ýurdumyzyň ýörite sazçylyk we sungat ugurly okuw mekdepleriniň talyplarydyr uçurymlary gatnaşdylar. Bäsleşige gatnaşyjylar türkmen we daşary ýurt kompozitorlarynyň nusgawy we häzirki zaman eserlerini, türkmen halk aýdym-sazlaryny joşgunly ýerine ýetirdiler. Bu bäsleşigiň maksady aýdym-saz sungatyna höwesli, zehinli ýaşlary ýüze çykarmakdan, olary saz sungatynyň ugurlary boýunça döredijilige höweslendirmekden hem-de ýaş sazandalaryň professional derejesini ýokarlandyrmakdan ybarat boldy.

Gadymy medeniýetiň ojagy

Hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» kitabynyň adynyň özem köp zatdan habar berýär we okyjyny bada-bat özüne çekýär. Kitaby eliňe alyp, Änewiň gadymyýetiň jümmüşlerine çuňňur kök urup gaýdan baý hem şöhratly taryhy barada has aýdyň bilmek isläp, ony okamaga howlugýarsyň. Gadymy Änewiň durmuşynda bolup geçen möhüm wakalar. Ýaşaýyş medeniýetiniň täze derejesiniň döredilmegi. Änew depelerinde geçirilen gazuw-agtaryş işleri. Arheologik tapyndylar. Häzirki döwre çenli saklanyp galan özboluşly binagärlik ýadygärlikleri. Änew medeniýetini ilkinji bolup açan we bu baradaky hakykaty dünýä ýetiren Rafael Pampelliniň, şeýle-de Wadim Massonyň, Wiktor Sarianidiniň, beýleki görnükli alym-arheologlaryň ekspedisiýalarynyň netijesinde mälim edilen maglumatlar. Gadymyýetiň bu taryhy künjegi bilen baglanyşykly rowaýatlar... Bular barada Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ylmy-populýar eserinde örän düýpli, örän täsirli beýan edilýär.

Mag­tym­gu­ly­nyň şy­gyr­la­ry — dost­luk köp­rü­si

Türk­men nus­ga­wy şa­hy­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy mynasybetli ýakynda türk­men alym­la­ryn­dan, mu­gal­lym­la­ryn­dan yba­rat to­par Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­syn­da iş sa­pa­ryn­da bol­dy. Türk­me­nis­ta­nyň Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­syn­da­ky Kon­sul­ly­gy Ak­tau şä­he­rin­de ýer­leş­ýän Ş.Ýe­se­now adyn­da­ky Hazar döw­let tehnologiýalar we in­že­ner­çi­lik uni­wer­si­te­tin­de «Mag­tym­gu­ly­nyň ru­hy mi­ra­sy — dost­lu­gyň we pa­ra­hat­çy­ly­gyň sim­wo­ly» at­ly hal­ka­ra yl­my mas­la­ha­t ge­çir­di. Hal­ka­ra mas­la­hat­da uni­wer­si­te­tiň rek­to­ry pro­fes­sor B.Ah­me­dow, Türk­me­nis­ta­nyň Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­syn­da­ky kon­su­ly M.Ab­dyl­la­ýew, Man­gis­tau we­la­ýa­ty­nyň hä­kim­li­gi­niň we­ki­li we bu uni­wer­si­te­ti­ň mu­gal­lym­la­ry meş­hur ga­zak şa­hy­ry Jam­byl Ja­ba­ýe­wiň Mag­tym­gu­ly­nyň goş­gu­la­ry­ny ürç edip okan­dy­gy we şa­hyr­lar Ga­ly Or­ma­no­wyň, Ga­fu Ka­ýyr­be­ko­wyň, Duý­sen­bek Kana­tba­ýe­wiň be­ýik akyl­da­ryň goş­gu­la­ry­ny ga­zak di­li­ne ter­ji­me eden­di­gi, türk­men şa­hy­ry­nyň goş­gu­la­ry­nyň ga­zak hal­ky­nyň ara­syn­da söý­lüp okal­ýan­dy­gy we türk­men-ga­zak dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry ba­ra­da tä­sir­li çy­kyş et­di­ler. Mas­la­ha­tyň çä­gin­de Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let me­de­ni­ýet mer­ke­zi­niň Döw­let mu­ze­ýi­niň gymmatlyklarynyň ser­gi­si gu­ra­lyp, on­da­ky eks­p

Hal­ka­ra fes­ti­wal­da «ba­ky ro­wa­ýat­lar»

24-29-njy ap­rel ara­ly­gyn­da Türk­men döw­let gur­jak teat­ry­nyň dö­re­di­ji­lik to­pa­ry Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­sy­nyň An­ka­ra şä­he­rin­de ge­çi­ri­len «Ki­çi­jik ha­nym­lar, ki­çi­jik je­nap­lar» at­ly 19-njy hal­ka­ra teatr fes­ti­wa­ly­na gat­na­şyp, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň «Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi» at­ly ki­ta­byn­dan re­žiss­ýor Yl­ýas Dur­dy­ýe­wiň sah­na­laş­dy­ran «Ba­ky ro­wa­ýat­lar» spek­tak­ly­ny gör­kez­di­ler. Bu spek­takl­da Se­ýit Je­ma­led­din ýa­dy­gär­li­gi bi­len bag­ly ro­wa­ýat­da gür­rüň be­ril­ýän wa­ka şe­kil­le­riň, he­re­ket­le­riň, sa­zyň, yşyk­la­ryň üs­ti bi­len be­ýan edil­ýär. Türk­men ar­tist­le­ri dün­ýä­niň en­çe­me döw­let­le­ri­niň ça­ga­lar teatr­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ri­len fes­ti­wal­da üs­tün­lik­li çy­kyş edip, de­giş­li ku­bo­ga we dip­lo­ma my­na­syp bol­du­lar. Olar bu ýer­de gu­ra­lan us­sat­lyk, sah­na di­li, he­re­ket ýa­ly ugur­lar bo­ýun­ça ge­çi­ri­len tej­ri­be sa­pak­la­ry­na gat­na­şyp, dür­li ýurt­la­ryň ar­tist­le­ri, re­žiss­ýor­la­ry bi­len pi­kir alyş­dy­lar. Şeý­le-de da­şa­ry ýurt­ly kär­deş­le­ri bi­len akyl­dar şa­hy­ry­myz Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň öm­ri we dö­re­di­ji­li­gi­ne ba­gyş­la­nan spek­takl­la­ry sah­na­laş­dyr­mak ba­ra­da­ky tek­lip­le­ri ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar.

Pa­riž­dä­ki Py­ra­gy­ly pur­sat­lar

Go­laý­da Fran­si­ýa­nyň paý­tag­ty Pa­riž­de ÝU­NES­KO-nyň we TÜRK­SOÝ-yň bi­le­lik­de gu­ra­ma­gyn­da Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li ge­çi­ri­len çä­re­ler mil­li me­de­ni­ýe­ti­mi­zi dün­ýä ýaý­mak­da, halk­la­ryň ara­syn­da­ky me­de­ni gat­na­şyk­la­ry je­bis­leş­dir­mek­de no­bat­da­ky ädim bol­dy. Iri hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry ta­ra­pyn­dan taý­ýar­la­nan çä­re­le­riň çäk­le­rin­de gu­ra­lan «Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy we Türk­me­nis­ta­nyň me­de­ni mi­ra­sy» at­ly ser­gi­de Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Dil, ede­bi­ýat we mil­li gol­ýaz­ma­lar ins­ti­tu­ty­nyň hem-de Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let me­de­ni­ýet mer­ke­zi­niň Döw­let mu­ze­ýi­niň gaz­na­syn­da sak­lan­ýan, ÝU­NES­KO-nyň me­de­ni mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zi­len gym­mat­lyk­lar, ama­ly-ha­şam sun­ga­ty­nyň eser­le­ri gör­ke­zil­di. Bi­le­lik­dä­ki türk­men-fran­suz ar­heo­lo­gik to­pa­ry­nyň dö­re­dil­me­gi­niň 30 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li ge­çi­ri­len yl­my-ama­ly mas­la­hat­da çy­kyş eden­ler şeý­le me­de­ni gat­na­şyk­la­ryň bar­ha gi­ňe­me­gi­niň halk­la­ryň ýa­kyn­laş­ma­gy­na we me­de­ni­ýet­le­riň öza­ra baý­laş­ma­gy­na ýar­dam ed­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy­lar. Ge­çen ýyl­lar­da bi­le­lik­dä­ki ar­heo­lo­gi­k to­pa­ry ta­ra­pyn­dan ta­ry­hy ýer­ler­de ge­çi­ri­len yl­my-göz­leg iş­le­ri­niň ne­ti­je­le­ri ba­ra­da-da du

Halypa suratkeşiň sergisi

1-nji maý­da Türk­me­nis­ta­nyň Çe­per­çi­lik ser­gi­ler mü­dir­li­gi we şe­kil­len­di­riş sun­ga­ty­nyň ser­gi mer­ke­zin­de Türk­me­nis­ta­nyň sun­gat­da at ga­za­nan iş­gä­ri Ka­ka­gel­di Se­ýit­mu­ham­me­do­wyň şah­sy ser­gi­si gu­ral­dy. Ser­gi­de ha­ly­pa nak­ga­şyň oba dur­mu­şy­na, ahal­te­ke be­dew­le­ri­mi­ze ba­gyş­lap dö­re­den «To­ýa bar­ýa­rys», «Erek da­gy», «Se­kiz­ýap», «Gü­neş­li peý­zaž», «Me­niň ýaş­lyk döw­rüm», «Me­le­guş», «Po­lat­ly», «Ýa­nar­dag», «Ga­ra­der», «Oýun­çy we Py­ýa­da» ýa­ly köp­le­riň söý­gü­si­ni ga­za­nan eser­le­ri giň­den ýaý­baň­lan­dy­ryl­ýar. Şeý­le-de bu ýer­de onuň öz dost­la­ry kom­po­zi­tor Nu­ry Hal­mäm­me­do­wyň, şa­hyr Gur­ban­na­zar Ezi­zo­wyň ýag­ty ýa­dy­gär­li­gi­ne ba­gyş­lan ese­ri gör­ke­zil­ýär.

Ýaş ýürekleriň konserti

30-njy aprelde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň 95 ýyllygy mynasybetli taýýarlan hasabat konserti geçirildi. Dabara mekdebiň üflenip çalynýan saz guralynyň orkestriniň ýerine ýetirmeginde kompozitor D.Hydyrowyň şahyr O.Oraztaganowanyň sözlerine döreden «Bagtyýarlyk aýdymy» bilen başlady. Soňra halk aýdymy «Gyratym», rus kompozitory Ýe.Doganyň «Wals» sazy ýaňlandy. Konserti S.Kasiminiň ýolbaşçylygyndaky kwartet «Ýatlama», M.Jumaýewiň dirižýorlyk etmegindäki instrumintal saz gurallary ansambly Zekinýa de Abreunyň «Tiko-tiko» sazy, kanunçylar toparynyň «Gözel Diýarym» sazy, dutarçylar ansamblynyň «At çapar» sazy, «Şirin owazlar» skripkaçylar ansamblynyň Georgiý Swiridowyň «Romans» eseri bezedi. Şeýle-de talyplar Jemşit Galpakowyň Ferens Listiň «Syrgyn» eserini, Şatlyk Altyýewiň şol awtoryň «Wenger rapsodiýasyny», Aman Akmyradowyň Nury Halmämmedowyň «Elegiki Prelýudiýa we Fuga» eserini, Wepa Allaşowyň Daňatar Öwezowyň we Adriýan Şapoşnikowyň «Şasenem we Garyp» operasyndan «Şawelediň ariýasyny» ýerine ýetirmegi konserte özboluşly öwüşgin çaýdy.

Şekillendiriş sungatynda dostana gatnaşyklar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletara medeni gatnaşyklar türkmen şekillendiriş we amaly-haşam sungatyny dabaralandyrmakda giň şertleri döredýär. Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli geçirilen medeni çäreleriň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sungat ussatlary bilen duşuşyk geçirildi. Oňa Özbegistanyň Çeperçilik akademiýasynyň ýolbaşçysy, Özbegistanyň halk suratkeşi Akmal Nuridinow, Gazagystanyň Al-Faraby adyndaky Milli uniwersitetiniň mugallymy, sungaty öwreniş ylymlarynyň professory Žanarbek Beristenow, Gyrgyzystanyň I.Arabaýew adyndaky Döwlet uniwersitetiniň professory, Gyrgyzystanyň halk suratkeşi Ýuristanbek Şygaýew, Täjigistanyň Suratkeşler birleşiginiň başlygy Nargis Hamidowa dagy gatnaşdy. Olar ýokary okuw mekdebimiziň mugallymlaryna we talyp ýaşlaryna özleriniň milli sungatynyň aýratynlyklary, belli suratkeşleriň döredijiligi hem-de çeperçilik hünärleri boýunça bilim berlişi, häzirki zaman sungaty öwreniş ylmynyň nazaryýeti barada gürrüň berdiler.

Geçmişiň hem şu günüň waspy

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegine bagyşlap ýazan «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly eseri halkymyzyň şöhratly taryhyny hem-de baý medeni mirasyny öwrenmekde hem-de wagyz etmekde bahasyna ýetip bolmajak gymmatly gollanmadyr. Täze kitabynda: «Bilýäniňi paýlaşdygyňça, bilelikde baýlaşýarsyň» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiziň üç dilde neşir edilen bu eserinde şöhratly taryhymyz bilen birlikde, eziz halkymyzyň dünýäniň ünsüni özünde jemleýän taryhy-medeni mirasy, bu babatda döwlet maksatnamalarynyň, düýpli özgertmeleriň durmuşa geçirilişi, abraýly halkara guramalar, daşary ýurtlaryň öňdebaryjy ylmy merkezleri bilen netijeli hyzmatdaşlyk barada hem giňişleýin maglumat berilmegi aýratyn bellärliklidir. Taryhy müňýyllyklardan gözbaş alýan Änew şäheriniň geçmişi, binagärlik ýadygärlikleri barada örän gymmatly maglumatlar berilýän eserde Ahal welaýatynyň edara ediş merkezinde şu günki günde durmuşa geçirilýän toplumlaýyn özgertmeler hakynda hem söhbet edilýär. Täze kitabyň dürli fotosuratlar, ussat suratkeşleriň eserleri bilen bezelmegi onuň özüne çekijiligini has-da artdyrýar.

Syrly sungat dünýä ýaýylýar

Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde yglan eden «Türkmen halysy — milli buýsanjymyz» atly haly we haly önümleriniň sergi bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda giňden belleniljek Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli hem-de türkmen zenanlarynyň görelde mekdebine öwrülen Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ejesi, Türkmenistanyň at gazanan halyçysy Ogulgerek gelnejäniň el işleriniň nusgalaryndan ugur alnyp, halyçy gelin-gyzlaryň arasynda geçirilýän bäsleşik halkymyzyň ruhy we medeni mirasyny aýawly saklamagy, wagyz etmegi, ýaş halyçylaryň has ökdelerini ýüze çykarmagy, olaryň bu käre bolan höwesini artdyrmagy maksat edinýär.

Ýaş nesil alada bilen gurşalýar

Hormatly Prezidentimiziň aýratyn nygtaýşy ýaly, her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Eziz Diýarymyzda bu ugurda alnyp barylýan döwletli tutumlar ýaş nesli bagtyýarlygyň gujagyna doldurýar. Güneşli Watanymyzyň çar künjünde hil taýdan halkara ülňülere laýyk gelýän, döwrebap tehnologiýalar, multimediýa, interaktiw ulgamlar, häzirki zaman okuw-görkezme esbaplary bilen üpjün edilen bilim-terbiýe ojaklary, sport mekdepleri, sagaldyş-dynç alyş merkezleri bagtyýar nesilleriň hyzmatynda. Çagalar sungat hem-de çeperçilik mekdepleri ýaş nesilleriň tebigy zehinlerini ösdürmäge, olaryň sungata bolan höwesini artdyrmaga mümkinçilik berýär. Sungata höwesli çagalar ýerine ýetirýän işlerinde mähriban Watanymyza, ýurdumyzy bagtyýar çagalygyň mekanyna öwren Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan egsilmez hoşallyklaryny beýan edýärler. Ýaş nesliň bilimleri ele almaklary, dünýägaraýşyny giňeltmekleri, döredijilik, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklary, zähmete uýgunlaşmaklary üçin giň mümkinçilikleri döredip, çagalaryň bagtyýarlygy hakyndaky aladany jemgyýetiň abadançylygynyň mizemez binýadyna öwren Milli Liderimize hem-de hormatly Prezidentimize aýdylýan alkyşly sözler dillerimiziň senasydyr.   

Bagtly çagalygyň ýurdy

Perzentleriniň edepli-ekramly, il-güne, ata Watana wepaly, ylymly-bilimli, hünärli nesiller bolup ýetişmeklerini gazanmak türkmen halkynda hemişede esasy aladalaryň biri bolupdyr. Bu babatda asyrlaryň dowamynda kämil ýörelgeler kemala gelipdir. Şol ýörelgeler ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň ýaş nesil hakyndaky nusgalyk aladalary giň gerimliligi bilen buýsandyrýar. Şol aladalaryň çäklerinde, çagalaryň tebigy zehinukybyny ýüze çykarmakda, olary sungatyň dürli ugurlaryna gönükdirmekde ýetilýän sepgitler guwandyryjydyr. Munuň özi geljekde çaganyň durmuşda öz mynasyp ornuny tapmagynda ähmiýetlidir. Zehinli körpeleriň arasynda geçirilmegi asylly däbe öwrülen «Garaşsyzlygyň merjen däneleri», «Iň eýjejik gyzjagaz», «Merdana nesil» ýaly bäsleşikleri möhüm ähmiýetli çäreleriň hatarynda görkezmek bolar. Tebigy zehinbaşarnykly çagalaryň uly toparyny ýüze çykarýan bu bäsleşikleriň guwandyryjy netijeleri tutuş halkymyzda buýsanç duýgularyny döredýär. Şeýle zehinli çagalaryň kemala gelmeginde mynasyp goşandymyzyň bolmagy buýsançly başymyzy hasda belende göterýär.

Medeniýetiň ojagy

Asyrdan-asyrlara uzap gidýän gadymyýetiň jümmüşine näçe içgin aralaşdygyňça, türkmen halkynyň beýik we şöhratly halkdygy baradaky gymmatly maglumatlary bilmek bolýar. Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi hem gadymy Änew medeniýetiniň taryhynyň öwrenilişine täze badalga berdi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň şu taryhy waka mynasybetli «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabyny halkymyza sowgat etmegi ildeşlerimize juda buýsançly duýgulary bagyşlady. Hormatly Prezidentimiziň täze kitabynda bellenilişi ýaly, Änew medeniýetiniň taryhy indi 120 ýyl çemesi wagtdan bäri dünýä alymlarynyň üns merkezinde saklanylýar. Dogrudan-da, bu medeniýetiň taryhyna bagyşlanyp, köp ylmy işler edildi. Olaryň ilkinjileriniň biri Rafael Pampelli tarapyndan 1908-nji ýylda Waşingtonda «Türküstandaky barlaglar» ady bilen çap edilen iki jiltlik ylmy işdir. Taryhçy alym Änewiň demirgazyk depesinden tapylan ak bugdaýyň dänelerini, zähmet gurallaryny we süňkleriň galyndylaryny öwrenip, bu ýerde, esasan, ekerançylygyň, maldarçylygyň ösendigini tassyklaýar. Änew medeniýetiniň ýadygärliklerini öwrenmek XX asyryň 30-njy ýyllarynda hem dowam etdirildi. Aýratyn-da, bu medeniýeti arheologiýa maglumatlarynyň üsti bilen öwrenmekde türkmen-amerikan arheologlary köp işleri etdiler.

Taryhyň beýany

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynda türkmen halkynyň şöhratly geçmişi düýpli we giňişleýin beýan edilip, dürli taryhy maglumatlar berilýär. Şeýle hem bu ajaýyp kitapda halkymyzyň taryhy, asyrlaryň dowamynda kemala gelen gadymy däp-dessurlary barada söhbet edilýär. Kitabyň baplary arheologik tapyndylara we häzirki döwre çenli saklanyp galan özboluşly binagärlik ýadygärliklerine bagyşlanýar. «Gadymy Änewiň täsinligi», «Taryhy birleşdirýän uly wakalar», «Ahal ýaýlasynda gadymy Änewiň şöhratly ýoly dowamata uzaýar» atly baplardan hem-de birnäçe bölümlerden ybarat bolan bu kitapda asyrlaryň dowamynda kemala gelen gadymy Änew medeniýeti, ony düýpli öwrenmekde alnyp barlan arheologik barlaglar barada gyzykly maglumatlar berilýär. Pederlerimiziň gurmak, döretmek ýaly sogaply işleriniň, ynsanperwer ýörelgeleriniň many-mazmuny giňden açylyp görkezilýär. Kitabyň «Taryhy birleşdirýän uly wakalar» atly babynda bellenilişi ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip at berlen 2024-nji ýylda ýurdumyzyň taryhynda ähmiýetli orun alan Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi, dünýäde meşhur şahsyýet, beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň ýokary derejede bellenilmegi türkmen taryhynyň umumylyklaryny baglanyşdyrýar, Watan hakyndaky garaýyşlary baýlaşdyrýar

Magtymguly — akyldar şahyr

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirýän daşary syýasaty, medeni diplomatiýasy netijesinde ýurdumyzda Gündogaryň nusgawy akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň bahasyna ýetip bolmajak mirasyny gorap saklamak, düýpli öwrenmek we dünýä ýaýmak bilen baglanyşykly işleri giň gerimde dowam etdirilýär. Bu babatda şu ýylda amala aşyrylýan giň gerimli işler, geçirilýän halkara çäreler munuň şeýledigini subut edýär. 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary hem-de nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan giň gerimli dabaralara badalga berilmegi dünýäniň dürli yklymlarynda ýaşaýan magtymgulyşynaslaryň ünsüni onuň eserlerine ýene bir ýola gönükdirmek bilen, edebiýaty söýüjileriň Magtymgulynyň şygyrlaryna bolan hormatyny, şahyryň tutuş adamzat aňyýetiniň kämilleşmegini nazarlaýan eserlerini öwrenmäge bolan isleg-hyjuwyny has-da artdyrdy. Bu ýagdaýyň türkmen halkynyň milli hem ruhy baýlyklaryna bolan söýginiň artmagyna, pähim-paýhasa, sözüň beýik güýjüne sarpa goýýan nesilleriň kemala gelmegine täsir edýändigi öz-özünden düşnükli. Şonuň bilen birlikde-de, ol akyldar şahyryň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen we ynsanperwer ýörelgeleri wasp edýän pelsepewi eserleriniň häzirki döwürdäki ähmiýetiniň has-da ýokarlanmagyna mümkinçilik berýär.

Sungat — dünýä bakýan penjire

Mekdebi tamamlan döwürlerim ýokary okuw jaýyna girmek üçin synaglara taýýarlyk görüp, kitap baryny okardym. Wagtymyň köp bölegi kitaphanada geçerdi. Şol döwürler ejem maňa: «Berekella gyzym, seniň kitaplar bilen dostlaşýanyňa, aňyňy ösdürýäniňe, esasan hem kitaplara barha ysnyşýanyňa diýseň begenýärin. Hemişe kitaplara ýakyn bol gyzym, çünki gülüň golaýynda dursaň gül ysyny alýansyň, kitap bolsa aňda açylýan güldür. Onuň müşk ysy sözläňde sözüň arkaly daş-töweregiňe ýaýrar durar» diýipdi. Uly adamlaryň aýdýan sözlerini hemişe üns bilen diňlemegim, olary ýadymda saklamagym maňa durmuşda köp peýda getirýär. Hakykatdan hem, adam gowy zady ömrüne hemra edinse gowy durmuşda ýaşaýar. Kitap — ylym, ylym bolsa ýaşaýşyň açary. Kitaplaryň gatlarynda ylym hem, adamlaryň ykbaly hem ýüzüniň perdesini açýar. Kitap her bir okyja oýlanyp sözlemegi, söz manysyna düşünmegi, sözüň gadyryny bilmegi, akyla eýermegi öwredýär. Halkymyzyň hakydasyna siňip galan ajaýyp kinofilmler, spektakllar, gülküli sahnalardyr başga-da ýüzlerçe sungat eserleri hem hut kitaplaryň edebi esasy boýunça sahnalaşdyrylyp, surata düşürilýär. Şeýle bolansoň, kitaby okap başlan badyňa ondaky wakalar edil kinofilm ýaly gözleriň öňünde janlanyp ugraýar.

Söýginiň sesi (tymsal)

Bir gezek mugallym okuwçylaryndan: — Näme üçin adamlar dawa-jenjel edenlerinde gygyryp gürleşýärler? — diýip sorapdyr. Okuwçylaryň biri: «Sebäbi olar rahatlygyny ýitirýärler» diýip jogap beripdir. Onda mugallym: